• usd +0.88%
    417.9
  • eur -2.44%
    503.07
  • rub +0.05%
    5.64
  • gbp +1.47%
    582.8
  • cny +0.18%
    64.7
 
  Туркменистан
 

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASNYNYN PREZIDENTI –

MILLETIN LIDERI

N.A. NAZARBAÝEWIN GAZAGYSTANYN HALKYNA

ÝÜZLENMESI


«GAZAGYSTAN-2050»

STRATEGIÝASY


YKRAR EDILEN DÖWLETIN

TÄZE SYÝASY UGRY



 
 
Hormatly gazagystanlylar! Gadyrly watandaşlar! 
Şu gün biz Garaşsyzlyk Gününiň bosagasynda ýygnanyşdyk. Ynha eýýäm 20 ýyldan köp wagt bäri bu baýramçylygy biz buýsanç bilen belläp gelýäris.
1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda biz, Gazagystanyň halky, garaşsyzlygy, erkinligi, dünýäniň öňünde açyklygy saýlap aldyk. Şu gün bu gymmatlyklar biziň gündelik durmuşymyzyň bir bölegi boldy. Şol wagt, ýoluň başynda, ähli zat düýbünden başgaçady. Indi bolsa biziň umumy tagallalarymyzyň netijesinde, ýurdumyz düýpgöter üýtgedi, häzir ony tanar ýaly däl.
Şu günki günde biz – üstünlikli döwlet, biziň öz özboluşlygymyz, öz aýratynlyklarymyz we öz pozisiýamyz bar. Ilkinji araçägi almaklyk bize juda gymmat düşdi. Ýurdumyz 20 ýyldan köp garaşsyzlygyň we syýasy agramynyň berkidilmegi ugrunda işledi. 20 ýyldan soňra bu maksat gazanyldy. Dikelmek döwri üstünlikli tamamlandy. XXI asyryň başynda Gazagystan garaşsyz we özüne ullakan ynamy bar döwlet boldy.
Uzaga çeken global çökgünligiň täsiri astynda dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeler bizi gorkuzmaýar. Biz olara taýýar. Biziň indiki wezipämiz – garaşsyzlyk döwründe gazanan zatlarymyzyň ähisini saklamak bilen XXI asyrda durnukly ösüşi dowam etdirmek.
Biziň esasy maksadymyz – 2050-nji ýyla çenli güýçli döwletiň esasynda, ösen ykdysadyýetiň we umumy zähmetiň mümkinçilikleriniň esasynda bagtly jemgyýeti döretmek. Güýçli döwlet aýratyn hem çaltlaşdyrylan ykdysady ösüşiň şertlerini üpjün etmek üçin wajyp bolýar. Güýçli döwlet diňe bir ýöne ýaşamak syýasaty bilen meşgullanmaýar-da, eýsem meýilnamalaşdyrmak syýasaty, uzak döwürleýin ösüş we ykdysady ösüş syýasaty bilen hem meşgullanýar.

I.   Ykrar edilen Gazagystan – bu biziň döwlet gurluşymyzyň, milli ykdysadyýetiň, raýatlyk jemgyýetiniň, jemgyýetçilik ylalaşygynyň, sebitde liderliliginiň we halkara abraýynyň krizis arkaly synagdan geçirilmesidir.

 15 ýyl mundan öň biz Gazagystany 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Strategiýasyny kabul etdik.
Bu 1997-nji ýyldy – bu döwür entek sowet döwründen soňky bulaşyklyga doly hem gutarnyk- ly hötde gelnenokdy, çökgünlik Günorta-Gündogar Aziýada we käbir beýleki bazarlarda möwç alýardy. Bize hem juda kyn düşdi.
Şol ýyllaryň dowamynda biziň strategiýamyz edil çyra ýaly biziň ýolumyzy ýagtylandyrdy, esasy maksadymyzdan azaşman öňe gitmegimize mümkinçilik berdi.
1997-nji ýyl ýadyňyza düşýärmi? Meniň Parlamentdäki çykyşymdan soňra howsala we aljyraňňylyk boldy. Köpler öz-özlerine şeýle soragy berdiler: „Bu näme wagyz etmemi? As- mandan injek bolçulygy wada bermekmi?“. Şol wagt öňde goýlan wezipeler juda irnikli bolup görünýärdi. Emma aýdylyşy ýaly, göz gorkak, el batyr.
Biziň öňümizde äpet wezipe durdy – wakalaryň gidiş ugruny döwmek. Ony çözmek üçin, biz üç taraplaýyn modernizasiýany geçirmelidik: döwleti gurmak we bazar ykdysadyýetine girişmek, sosial döwletiň özenini goýmak, jemgyýetçiligiň aňyny üýtgetmek. Biz özümiziň hu- susy ýolumyzy kesgitlemelidik. Bu ýol hem „Gazagystan – 2030“ strategiýasynda şekillendirildi. Bu resminama bize strategik maksatlaryň we wezipeleriň görnüşini berdi, dünýägaraýşynyň juda wajyp böwsülmesi boldy.
Halk nakylynda şeýle diýilýär: “Maksat – jetistiktin jelkeni”. Diňe dogry goýlan maksat üstün- lige getirýär.
Şu günki gün meniň üçin özümiziň dogry ýoly saýlap alanlygymyz barada yglan etmegimi ul- lakan guwanç diýip hasap edýärin. 2008-2009-njy ýyllardaky global çökgünlik muny tassyklady.
Gazagystan döz geldi. Çökgünlik biziň gazananlarymyzy bozmady we bizi has hem güýçli etdi. Ýurdy ösdürmekde biziň saýlap alan syýasy, sosial-ykdysady we daşary ykdysady mode- limiz özüniň netijeliligini görkezdi.

 1. Güýçli we üstünlikli döwlet

 Biziň esasy gazananymyz – biz garaşsyz Gazagystany döretdik. Biz öz serhetlerimizi hu- kuk taýdan resmileşdirdik. Ýurduň integrirlenen ykdysady giňişligini emele getirdik. Ýurt- da önümçilik aragatnaşyklaryny täzeden ýola goýduk we berkitdik. Şu gün ähli sebitler bir-biri bilen üznüksiz aragatnaşykda işleýär. Taryhy taýdan wajyp konstitusiýa we syýasy özgertmeleri geçirdik, ol bolsa häkimiýetiň şahalarynyň bölünmegine esaslanýan döwleti dolandyrmagyň häzirki zaman ulgamyny döretdi.
Ýurduň täze paýtagtyny – Astanany gurduk. Bu döwrebap şäher, ol biziň nyşanymyzdyr hem guwanjymyzdyr. Biz, öz ýurdumyzyň mümkinçiliklerini dünýä görkezmek üçin paýtagtyň potensialyny ulanmagy başardyk. Edil şol sebäpli hem halkara jemgyýeti Gazagystany «EXPO- 2017» Bütindünýä sergisini geçirmegiň ýeri hökmünde saýlady. Eger Astana bolmadyk bolsa, bular bolmazdy. Beýle abraýa hemmeler mynasyp bolup bilmeýär. Biziň ýurdumyzyň ähli sowet döwründen soňky ýurtlaryň içinden ÝHHG-de ilkinji bolup başlyklyk edenligi barada, bu guramanyň sammitini geçirenligi barada we özünde bütin dünýä derejeli çäräni – “EXPO- 2017” geçirjekligi barada aýtmagyň özi hem ýeterlikdir.
2. Demokratizasiýanyň we liberalizasiýanyň durnukly hadysasy
Biz aýdyň formula boýunça hereket edýäris: „Ilki bilen ykdysadyýet, soňra bolsa syýasat“. Syýasy özgertmeleriň her bir tapgyry ykdysadyýetiň ösüş derejesi bilen baglanyşdyrylýar. Şol sebäpden hem biz syýasy liberalizasiýanyň ýoly bilen yzygiderli barýarys. Diňe şeýle edilende ýurdy kämilleşdirip bolýar we ony bäsleşige ukyply derejä galdyryp bolýar. Ädimme-ädim biziň jemgyýetimiz demokratizasiýanyň we adam hukuklarynyň ulgamynda has ýokary stan- dartlara golaýlaşýar. Biz ýurduň Konstitusiýasynda düýpli hukuklary we erkinlikleri berkitdik. Şu gün Gazagystanyň ähli raýatlarynyň deň hukuklary we mümkinçilikleri bar.
3. Dürli sosial, etniki we dini toparlarynyň ylalaşygy we parahatçylygy
Biz gazak halky babatynda, biziň medeniýetimiz we dilimiz babatda taryhy adalatlylygy dikeltdik. Etniki, medeni we dini köp dürlüligine garamazdan, biz ýurtda parahatçylygy we syýasy durnuklylygy sakladyk. Gazagystan 140 sany etnoslaryň we 17 sany konfessiýalaryň wekilleri üçin eziz öý boldy.
Raýat parahatçylygy we milletara yllaşygy – biziň esasy gymmatlygymyz. Parahatçylyk we gepleşikler, medeniýetleriň we dinleriň gatnaşyklary biziň köp milletli ýurdumyzda dünýä etalony diýlip adalatly hasap edildi.
Gazagystanyň halklarynyň assambleýasy medeniýetleriň gatnaşyklarynyň özboluşly ýe- wraziýa modeli boldy. Gazagystan global konfessiýa aralyk gepleşikleriniň merkezine öwrüldi.
4. Milli ykdysadyýet. Zähmetiň halkara bölünmesinde biziň tutýan ornumyz.
Biz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hususy eýeçilige, erkin bäsleşiklere we açyklyk prinsiplerine esaslandyrylan bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman modelini ilkinji bolup emele getirdik. Biziň modelimiz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde döwletiň işjeň hereketine esaslanýar.
Biz ýurda daşary ýurt maýa goýumlarynyň 160 millard dollaryny çekdik. Telekeçilik işleri üçin binýatlaýyn şertler we häzirki zaman salgytlar ulgamy emele getirildi.
Biz milli ykdysadyýeti meýilnama esasynda diwersifikasiýalaşdyrýarys. Tizleşdirilen industrializasiýanyň maksatnamasynda men şeýle wezipe goýdum: iki bäşýyllygyň dowa- mynda biziň ykdysadyýetimizi üýtgetmeli, ony çig mal üçin dünýä nyrhlarynyň üýtgäp dur- magyndan garaşsyz etmeli.
2030 strategiýasynyň kabul edilen pursadyndan 15 ýylyň dowamynda, biziň döwletimiz dünýäniň iň dinamiki taýdan ösýän ýurtlarynyň bäşisiniň hataryna girdi. Netijede, 2012- nji ýylyň jemleri boýunça biz jemi içerki önümiň göwrümi boýunça dünýäniň 50 sany iň iri ykdysadyýetiniň hataryna gireris.
Dünýäniň ähli ýrutlarynyň özüniň ösüşini deňeşdirip görýän, hasaba alnan reýtingleri bar. Alty ýyl mundan öň men umumymilli wezipäni – dünýäniň bäsleşige has ukyply ýurtlarynyň 50-siniň hataryna girmek wezipesini öňde goýdum. Bütindünýä ykdysady forumynyň reýtinginde Gazagystan eýýäm 51-nji orny eýeleýär. Bu gün biz öz maksadymyza ýetmek üçin bir ädimde durus.

5. Jemgyýetçilik durnuklylygyny we ylalaşygy üpjün edýän güýçli sosial syýasat

Meniň üçin halkyň durmuşynyň derejesi hemişe esasy görkeziji boldy we şeýle bolmag- ynda hem galýar. 15 ýylyň dowamynda gazagystanlylaryň girdejileri 16 esse köpeldi. Ýaşaýyş üçin iň pes derejeli girdejili raýatlaryň sany 7 esse azaldy, işsizleriň sany bolsa iki esse azaldy. Biz durmuşa gönükdirilen jemgyýetiň düýbüni tutduk.
Bize milletiň saglygyny gowulandyrmak işinde hem göze görnüp duran ösüşleri gazan- mak başartdy. Saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ony guramagyň, dolandyrmagyň we maliýeleşdirmegiň ulgamy özgerdildi. Soňky bäş ýylda eneleriň ölümi 3 esse diýen ýaly azaldy, çaga dogluşynyň derejesi bir ýarym esse köpeldi.
Bilim almak üçin hem deň mümkinçilikler döredilýär. Soňky 15 ýylyň dowamynda bilim üçin çykarylýan çykdajylar 9,5 esse köpeldi. Bilimi ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär, ol bilimiň ähli derejeleriniň düýpgöter kämilleşdirilmegine – mekdebe çenli bilim derejesinden başlap, ýokary bilime çenli gönükdirilendir. Biziň adamyň potensialynyň ösmegine uzak möhletli maýa goýumlary syýasatymyza baglylykda biz ýaşlaryň häzirki zehinli neslini ýetişdirdik.
6. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen ýurt
Dünýä syýasatynda biziň ýurdumyz – halkara abraýyndan jedelsiz peýdalanýan, jogapkär- çilikli we ygtybarly hyzmatdaş ýurt bolup durýar.
Biz global howpsuzlygyň berkidilmek işinde möhüm orny eýeleýäris, halkara terrorçylyg- yna, ekstremizme we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş dünýä jemgyýetçiligini goldaýarys.
Biz Aziýada – biziň howpsuzlygymyz üçin wajyp bolýan halkara gepleşikler meýdançasyn- da özara aragatnaşyklar we ynamdarlyk çäreleri boýunça Mejlisiň çagyrylmagyny teklip etdik. Şu gün AÖAYÇM ilat sany 3 milliard adamdan köp bolan 24 sany ýurdy özüne birleşdirýär.
Soňky 2-3 ýylda Gazagystan Respublikasy Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça Guramada, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynda, yslam hyzmatdaşlygynyň Gura- masynda we köpçülikleýin howpsuzlyk hakynda Şertnamanyň Guramasynda başlyklyk etdi.

Astana Ykdysady forumunda biz – G-global gepleşikleriniň täze formatyny teklip etdik. Bu teklibiň mazmuny – adalatly we howpsuz dünýä düzgünlerini döretmek işinde hemmeleriň tagalla-laryny birleşdirmek.

Biz global energetika we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşandymyzy goşýarys.
7. Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk düzgünini öňe sürmekde biziň tutýan işjeň or- numyz
Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk düzgünini berkitmek boýunça biziň tekliplerimiz – bu dünýäniň durnuklylygyna, tertibine we howpsuzlygyna şertsiz goşantdyr. Dünýäde ilkinji bo- lup Semipalatinsk ýadro poligonyny ýapmak bilen we atom ýaragyndan boýun gaçyrmak bilen, biz dünýäniň öňde baryjy döwletlerinden – ABŞ-dan, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan we HHR-den berk halkara kepilliklerini aldyk. Biz Orta Aziýada ýadro ýaragyn- dan azat zolagyň döredilmeginde wajyp orny oýnadyk we dünýäniň beýleki sebitlerinde şolar ýaly meňzeş zolaklarynyň döredilmegini, ozaly bilen Ýakyn Gündogarda döredilmegini işjeň goldaýarys.
Biz ýadro terrorçylygyna garşy göreşmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldaýarys. Biz häzir ýadro howpuny aradan aýyrmak üçin geljekde aýgytlaýjy çäreleri ka- bul etmegiň zerurlygy barada berk aýdýarys. Biz şeýle hasap edýäris, ýagny ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk barada Şertnama ýaýradylmazlyk düzgüniniň esasy özenidir we şeýle bolmag- ynda hem galýar.
Ýadro synaglarynyň geçirilmeginiň umumy gadagan edilmegi barada Şertnamanyň çalt güýje girmegi ýaýradylmazyk düzgünini berkitmegiň wajyp katalizatory bolup durýar.
Üç ýyl mundan öň BMG-niň Baş Assambleýasy meniň 29-njy awgustda ýadro synaglaryna garşy hereket etmek boýunça Halkara güni diýip yglan etmek baradaky teklibimi goldady. Bularyň hemmesi – global syýasatda biziň tutýan ornumyzyň ykrar edilmegidir.
Beýle jogapkärçilikli syýasata baglylykda Gazagystan ýaýratmazlyk düzgüniniň lideri, beýleki döwletler üçin model diýip ykrar edildi.

8. „Gazagystan – 2030“ strategiýasy. Esasy netijeler

„Gazagystan – 2030“ Baş strategiýasynda biz öz ýurdumyzyň üstünliklerini meýilnamalaşdyrdyk.
Biz öňde goýlan wezipelere yzygiderli we tutanýerlilik bilen süýşdük. Hatda 2008-2009-njy ýyllardaky çökgünligiň möwç alýan döwründe hem milli ykdysadyýet ösüşini dowam etdirdi. Şu gün meniň üçin 2030 strategiýasyny durmuşa geçirmegiň jemlerini jemlemek ullakan abraý bolup durýar, biz ony görkezijileriň birnäçesi boýunça möhletinden öň ýerine ýetirdik.
(1)    MILLI HOWPSUZLYK. Biziň öňümizde Gazagystanyň çäkleriniň bitewüliginiň saklan- magy bilen ösdürmek wezipesi durýardy. Bize meýilnamalarymyz boýunça köp zatlary etmek başartdy.
Taryhda ilkinji gezek biziň döwletimiz anyk, halkara ykrar edilen araçäkleri edindi. Döwlet serhedi delimitirlendi – bu bolsa 14 müň kilometr. Gazagystan Hazar deňzinde özüne degişli çäkleri ygtybarly gözegçilikde saklaýar. Mundan beýläk geljekde çäkler boýunça islendik jedelleriň ýüze çykmak howpy aýryldy. Biz öz nesillerimiz üçin goňşy ýurtlar bilen jedelli serhet- leri galdyrmadyk.
Biz güýçli, häzirkizaman, goranyş ukyply goşuny döretdik, netijeli hukuk goraýjy ulgamy döretdik, olar şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny üpjün edýärler.
(2) Biz ýurtda IÇKI SYÝASY DURNUKLYLYGY WE MILLI BIRLIGI sakladyk we berkitdik, bizde 140 sany etnoslar we 17 sany konfessiýalar ýaşaýarlar. Biziň syýasatymyz üstünlikli boldy.
Biz ösüşiň demokratiki modeliniň esasynda raýat jemgyýetiniň institutlaryny yzygiderli emele getirýäris. Adam hukuklary boýunça ombudsmen instituty esaslandyryldy.
Eger ozal bizde hiç haçan köp partiýalylyk bolmadyk bolsa, şu wagt ýurtda, tutuş syýasy spektrine wekilçilik edýän partiýalar hereket edýärler. Bizde köp partiýaly Parlament, parlament köpçüliginiň Hökümeti bar.
Raýat jemgyýeti ösýär, garaşsyz KHBS hereket edýär. Dürlidürli ugurlarda işleýän döwlete dahylsyz guramalaryň 18 müňden gowragy işleýär. 2,5 müňe golaý KHBS çykýar, olardan 90% - hususy.

Gazagystan şu gün medeniýetara we konfessiýaara gepleşikleriniň wajyp halkara merkezi bolup durýar. Edil biziň ýurdumyzda dünýä we adaty dinleriň liderleriniň ilkinji dört gurultaýy geçirildi.

ХХI asyrda Gazagystan Gündogaryň we Günbataryň gepleşikleri we özara aragatnaşyklary üçin köpri bolmalydyr.
(3) DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNYŇ WE IÇERKI SÜÝŞÜRINTGILERIŇ ÝOKARY DEREJE- SI BILEN AÇYK BAZAR YKDYSADYÝETINE ESASLANÝAN YKDYSADY ÖSÜŞ.
Biz hakyky, durnukly we ýokarlanýan depginli ösüşi gazanmagy wezipe edip goýduk. Bize bu meseläni taryhy taýdan-juda gysga möhletlerde çözmek başartdy. Edil „Gazagystan -   2030“ strategiýasynda ykdysady ösüşe esasy üns berlipdi. Netijede 15 ýylyň dowamynda milli ykdysadyýetiň göwrümi 1997-nji ýylda 1,7 trillion teňňeden, 2011-nji ýylda 28 trillion teňňä çenli ýokarlandy. Ýurduň JIÖ ösüşi 16 esseden gowrak köpeldi. 1999-njy ýyldan bäri her ýylda Gazagsystanyň JIÖ ösüşi 7,6%-e deň boldy we öňde baryjy ösüp barýan ýurtlardan öňe geçdi. JIÖ adam başyna 7 esseden köp ýokarlandy – 1998-nji ýylda 1 500 ABŞ-nyň dol- laryndan, 2012-nji ýylda 12 müň ABŞ-nyň dollaryna çenli.
Gazagystan ilkibaşdan GDA döwletleriniň arasynda adam başyna göni çekilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň göwrümi boýunça lider boldy. Şu gün bu eýýäm ABŞ-nyň 9200 dol- laryndan ybaratdyr. Biz daşarky söwdanyň ösüşini 12 esse köpeltdik, senagat önümleriniň göwrümlerini bolsa 20 esse köpeltdik.
Bu ýyllaryň dowamynda nebiti gazyp almaklyk 3 esse, tebigy gazy çykarmak 5 esse köpel- di. Çig mal serişdelerinden alynýan girdejini biz Milli gaznamyza iberdik.
Bu – biziň bolup biljek ykdysady we maliýe howsalalarymyzda ygtybarly galkandyr. Bu –   häzirki we geljekki nesillerimiz üçin howpsuzlygyň kepilligi. Tizleşdirilen industrializasiýa maksatnamasynyň çäklerinde 2010-njy ýyldan bäri umumy bahasy 1 797 milliard teňňeden ybarat maýa goýumly taslamalarynyň 397-si durmuşa geçirildi we 44 müňden köp iş orun- lary döredildi.
„Telekeçiligiň ýol kartasy - 2020“ maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň iki ýylynda karzlaryň umumy göwrümi 101,2 milliard teňňeden ybarat bolan 225 sany taslamalar makul- lanyldy.
Şu gün biz – orta derejeli girdejili ilatly we dinamiki ykdysady ösüşli dinamiki ýurt.
(4) GAZAGYSTANYŇ RAÝATLARYNYŇ SAGLYGY, BILIMI WE ABADANÇYLYGY.
Adamlaryň ýagdaýyny düýpgöter üýtgetmek, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak iň wajyp mesele boldy. Geçirilen işleriň netijeleri munuň aýdyň  subutnamasydyr.  Ortaça  aýlyk haky 9,3 esse ýokarlandy. Pensiýa tölegleriniň umumy möçberi 10 esse ýokarlandy. Ilatyň nominal pul görnüşindäki girdejileri 16 esse köpeldi.
Saglygy goraýşy maliýeleşdirmegiň göwrümi ýylsaýyn artýar. Eger 1999-njy ýylda maliýeleşdirmek 46 milliard teňňe bolan bolsa, 2011-nji ýylda  631 milliard teňňä ýetdi.
Lukmançylyk klasteri döredildi, oňa saglygy goraýşyň bäş sany innowasiýa desgalary girýär: çagalar dikeldiş merkezi, enäniň we çaganyň merkezleri, neýrohirurgiýa merkezi, gyssagly lukmançylyk kömegi we kardiologiýa merkezi. Ýurduň ähli sebitlerinde oňat hilli lukmançylyk kömegini almak üçin zerur şertler döredilýär. Biziň ýurdumyzyň iň uzak etra- plaryny lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edýän ulag lukmançylygy çaltlaşdyrylan dep- ginler bilen ösýär. Milli skrining ulgamy keselleri irki döwürde ýüze çykarmaga we öňüni almaga mümkinçilik berýär. Tölegsiz we ýeňillikli dermançylyk üpjünçiligi girizildi.
Soňky 15 ýylda ilatyň sany 14 milliondan 17 milliona çenli köpeldi. Adamyň ömri 70 ýaşa çenli uzaldy.
Biz elýeter we oňat hilli bilimi ösdürmek üçin ugry yzygiderli geçirýäris. „Balapan“ maksatnamasyny durmuşa geçirmek bize mekdebe çenli ýaşly bilim bilen çagalaryň 65,4%-ini gurşap aldyk. Mekdepden öňki hökmany taýýarlyk girizildi, şu gün ol mekdebe çenli çagalaryň 94,7%-ini gurşap aldy. 1997-nji ýyldan tutuş respublika boýunça 942 sany mekdep guruldy, şeýle hem 758 sany hassahana we saglygy goraýşyň beýleki desgalary guruldy. Biz dünýä derejesindäki intellektual mekdepleriň we hünärment-tehniki kollejleriniň ulgamyny ösdürýäris. Soňky 12 ýyllykda ýokary bilim almak üçin grantlaryň sany 182% ýokarlandy.

1993-nji ýylda biz „Bolaşak“ özboluşly maksatnamasyny kabul etdik, onuň netijesinde 8 müň sany zehinli ýaşlar dünýäniň iň oňat uniwersitetlerinde ajaýyp bilim aldylar.

Astanada halkara standartlary boýunça işleýän häzirki zaman ylmy-barlag uniwersiteti döredildi.
(5)ENERGIÝA SERIŞDELERI. Gazagystanyň nebit-gaz toplumy ähli ykdysadyýet üçin öňbaşçy bolup durýar we beýleki pudaklaryň ösüşine hem itergi berýär.
Biz ykdysadyýetiň häzirki zaman, netijeli nebit-gaz we dag magdanlaryny gazyp alyjy puda- klaryny döretmelidik. Biz bu wezipäniň hötdesinden geldik. Şu gün biz geljegiň täze ykdysady- ýetini gurmak üçin çig mal ulgamynyň girdejilerinden peýdalanýarys.
Ýurduň JIÖ-de nebit-gaz pudagynyň paýynyň durnukly ösüş dinamikasy bellenilýär, ol 1997- nji ýylda 3,7%-den 2006-njy ýylda 14,7%-e çenli we 2011-nji ýylda 25,8%-e çenli ýokarlandy. Biz üpjünçilik bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrdyk we öz pozisiýalarymyzy berkitdik, şonuň bilen bolsa biziň önümlerimiziň ýerlenilmeginiň birtaraplaýyn ugruna baglylygyny azaltdyk.
(6) INFRASTRUKTURA, AÝRATYN HEM ULAG WE ARAGATNAŞYK
Biz infrastrukturany ösdürmek wezipesini öňümizde goýduk. Muňa biziň güýjümiz ýetmejek ýalydy. Geçen ýyllarda senagat, ulag infrastrukturasynyň we ýaşaýyş-durmuş infrastrukturasynyň iri strategik desgalarynyň köp sanlysy ulanyşa girizildi. Bu – awtomobil we demir ýol magistrallary, turbageçirijiler, logistiki merkezler, terminallar, aeroportlar, demir ýol menzilleri, portlar we başgalar.
Bularyň hemmesi köp sanly gazagystanlylara iş berdi, bizi sebitleýin we global hojalyk aragatnaşyklarynyň ulgamyna girizdi.
Ýyl geçdigiçe telekommunikasiýa pudagynyň sarp edijileriniň sany artýar. Bu stasionar tele- fonlaryna we öýjükli aragatnaşyga we Internete hem degişlidir.
„Elektron hökümet“ raýatlaryň döwlet bilen özara gatnaşygyny ep-esli ýeňilleşdirdi. Soňky 11 ýyllykda  awtoýollar  pudagyny  ösdürmek üçin
1263,1 millard teňňe harç edildi. Bu ýyllarda umumy ulanylýan ýollaryň 48 müňden köp kilometri guruldy we durky täzelendi, şeýle hem demir ýollarynyň 1 100 kilometri guruldy we durky täzelendi.

Häzirki wagtda biz Günbatar Ýewropa - Günbatar Hytaý magistral ulag koridoryny döret- mek bilen Täze Ýüpek ýoluny dikeldýäris.

Biz Uzen – Türkmenistanyň serhedi demir ýol ugruny gurmak bilen Pars aýlagynyň we Uly Gündogaryň ýurtlaryna elýeterligi açdyk. Korgas-Žetygen ýoluny gurmak bilen biz gündogara derweze açdyk, Hytaýyň we tutuş Aziýa sebitiniň bazarlaryna gapy açdyk. Žezkazgan -Beýneu demir ýolunyň gurluşygyna başladyk.
(7) PROFESSIONAL  DÖWLET
Biz administratiw-komanda ulgamynyň adatlaryndan gutarnykly halas bolmalydyk we dolandyryjylaryň häzirki zaman we netijeli toparyny döretmelidik. Biz tarapyndan döredilen işgärleri saýlap almak we öňe sürmek ulgamymyz, onda hemme raýatlar deň hukuklara we puryjalara eýelik edýärler, hünärmenligiň ýokary derejesini we döwlet diwanynyň işleriniň açyklygyny üpjün etdi.
Biz döwletiň dolandyrylmagynda özboluşly rewolýusiýany geçirmegi we ony ilata döwlet hyzmatlarynyň berilmeginiň hiliniň ýokarlanmagyna tarap gönükdirmegi başardyk.
Şeýlelik bilen, 2030 strategiýasynda öňde goýlan esasy wezipeler ýerine ýetirildi, beýle- kileri bolsa ýerine ýetirmek tapgyrynda bolup durýar.
 
***
 
Şu gün biziň her birimiz aýdyp bilýäris: „2030 strategiýasy işledi, häzirki zaman Gaza- gystan ykrar edildi. Bu biziň birligimiziň, tutanýerliligimiziň, yhlasly zähmetimiziň netijesi, biziň maksatlarymyzyň we umytlarymyzyň durmuşa geçirilmeginiň netijesi“. Biz özümiziň ga- zananlarymyz üçin buýsanç duýgusyny başdan geçirýäris.
Dünýä çökgünligi biziň döwlet we jemgyýet hökmünde ykrar edilenligimizi tassyklady. Biziň serhetlerimiz, syýasy ulgamymyz, ykdysady modelimiz indi hem ýurduň içinde, hem onuň çäklerinden daşarda çylşyrymly agzalalyklaryň we çekişmeleriň mazmuny bolup dur- maýar.
Indi biziň öňümizde täze wezipe durýar. Biz özümiziň döwletimiziň uzak dowamly döwür üçin ösüş geljeginiň wektoryny güýçlendirmelidiris.

II. ХХI asyryň on sany global çagyryşy 

Häzirki wagtda adamzat täze global çagyryşlar bilen ýüzbe-ýüz çaknyşýar. Biziň ýurdumyz we sebitimiz üçin men on sany esasy çagyryşy belläp geçýärin. Eger özümiziň ösüşimizde täze üstünlikleri gazanmaklygy meýilleşdirjek bolsak, onda biz olaryň her birini nazara al- malydyrys.
 Birinji çagyryş – taryhy wagtyň çaltlaşdyrylmagy
 Taryhy wagt okgunly çaltlaşdy. Dünýä intensiw görnüşde transformirlenýär we bolup geçýän üýtgeşmeleriň tizligi geň galdyrýar.
Soňky 60 ýylda Ýer ýüzüniň ilatynyň sany üç esse köpeldi we 2050-nji ýylda 9 millard adama ýeter. Edil şol döwürde dünýäniň JIÖ ösüşi 11 esse ýokarlandy. Bütindünýä taryhy hadysasynyň çaltlaş-magy hemişe döwletleriň öňünde täze çäksiz mümkinçilikleri açýar we men olardan doly peýdalanyp bilýänligimize guwanýaryn.
20 ýylyň dowamynda biz jemgyýetiň ähli ulgamlarynyň kämilleşdirilmegini örän ýokary depginde geçirdik. Köp ýurtlaryň 100, käwagtlarda 150 ýylda edip bilmeýän zatlaryny etdik.
Emma bizde henize çenli umumy kämilleşdiriş hadysasyna integrirlenmedik sosial topar- lar hem bar. Munuň üçin obýektiw sebäpler bar. Jemgyýetde entek hem adamlaryň ahlak ýagdaýyna we jemgyýetçilik garaşmalaryna täsir edýän käbir disbalanslar bar. Biz beýle dis- balansy aradan aýyrmaly we jemgyýetiň ähli gatlaklaryna kämilleşdiriş hadysasyna integ- rirlemekleri üçin mümkinçilik bermeli, jemgyýetde özüniň mynasyp ornuny tapmaklaryna, täze syýasy ugur tarapyndan berilýän mümkinçiliklerden doly peýdalanmaklary üçin müm- kinçilikleri bermeli.
 Ikinji çagyryş – global demografiki disbalans
 Günsaýyn global demografik disbalans ýitileşýär. Umumy dünýä trendi – adamzadyň gar- ramagy. Ýene 40 ýyldan altmyş ýaşdan uly adamlaryň sany, 15 ýaşlylaryň sanyndan ýokary bolar. Çaga dogluşynyň pes derejesi we adamzadyň garramagy köp ýurtlarda zähmet bazaryndaky meseleleriň gutulgysyz ýüze çykmagyna, hususan hem, zähmet serişdeleriniň ýetmezçiligine itergi berýär. Ösüp barýan demografik disbalans täze migrasiýa tolkun- laryny emele getirýär we bütin dünýä boýunça sosial dartgynlygy güýçlendirýär. Biz, Gaza- gystanda ýurduň käbir sebitlerinde migrasiýa basyşy bilen çaknyşýarys, olarda bikanun zäh- met migrantlary zähmetiň ýerli bazarlaryny durnuksyzlaşdyrýarlar. Heniz şeýle hem göze görnüp duran, geljekde tersine bolup biläýjek ýagdaý bilen hem çaknyşyp biljekdigimiz barada pikir etmelidiris – biziň ýurdumyzyň çäklerinden daşara zähmet immigrasiýasy bilen çaknyşmagymyz juda ähtimaldyr.
Biz – ýaş millet. Biziň ýurdumyzda ortaça ýaş 35 ýaşdan ybarat. Bu bize özümiziň adam po- tensialymyzy saklamaklyga we özümizi dünýäde dogry pozisiýalarda goýmagymyz üçin ägirt uly mümkinçilikleri berýär. Şu günki gün hem bizde öňe hereket etmek üçin oňat binýadymyz bar.
Biziň ýurdumyzda iş bar we muny isleýän her bir adam ony tapyp bilýär. Onuň üstesine, bizde her kimiň özüne iş ornuny döretmek üçin, özi barada alada etmek üçin mümkinçiligi bar. Bu biziň ullakan gazananymyzdyr.
Men sizi Umumy Zähmet Jemgyýetine alyp barýaryn, onda işsizler diňe bir kömek pul- laryny alyjy bolman, eýsem täze hünärleri özleşdirerler, onda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar döredijilik işleri bilen işjeň meşgullanyp bilerler, korporasiýalar we kompaniýalar bolsa  olaryň zähmet çekmekleri üçin mynasyp şertleri dörederler.
Biziň ýaşlarymyz okamaly, täze bilimleri öwrenmeli, täze endikleri edinmeli, gündelik durmuşda bilimlerini we tehnologiýalary başarnykly we netijeli ulanmaly. Biz munuň üçin ähli mümkinçilikleri döretmelidiris we iň amatly şertleri üpjün etmelidiris.
 Üçünji çagyryş –azyk howpsuzlygyna abanýan global howp
 Dünýäniň ilatynyň köpelmeginiň ýokary depginleri azyk bilen üpjünçilik meselesini ýitileşdirýär. Eýýäm şu günki gün dünýäde onlarça million adam açlykda, milliarda golaý adam bolsa iýmitlenmekde hemişelik ýetmezçilige sezewar bolýarlar. Eger azyk önümleriniň öndürilmeginde rewolýusiýa üýtgeşmeleri geçirilmese, bu gorkunç sanlar diňe köpeler. Biziň üçin bu çagyryşda ägirt uly mümkinçilikler ýatyr.

 Biz eýýäm galla önümlerini iri eksport edijileriň hataryna girýäris. Biz ägirt ullakan ekologiki taýdan arassa çäklere eýelik edýäris we ekologiki taýdan arassa azyk önümlerini öndürip bilýäris.

Biziň oba hojalyk önümçiliginde ýokary hilli böküşi geçirmäge doly güýjümiz ýetýär. Munuň üçin bize täze görnüşli döwlet oýlanyşmasy zerur bolup durýar.
 Dördünji çagyryş – suwuň ýiti ýetmezçiligi
 Dünýäniň suw ätiýaçlyklary hem ullakan basyşyň astynda dur. Soňky 60 ýylda älemde agyz suwunyň sarp edilmesi 8 esse ýokarlandy. Ýüzýyllygyň ortalaryna köp ýurtlar suwy im- port etmeklige mejbur bolarlar.
Suw – juda çäklendirilen ätiýaçlyk we onuň çeşmelerine eýelik etmek üçin göreş eýýäm geosyýasatyň wajyp faktory bolýar, ol älemde dartgynlygyň we dawalaryň sebäpleriniň biri bolup durýar.
Suw bilen üpjünçiligiň meselesi biziň ýurdumyzda hem ýiti mesele bolup durýar. Bize hili oňat agyz suwy ýetmezçilik edýär. Sebitleriň aglabasy oňa bolan ýiti talaplary başyndan geçirýär.
Bu meseläniň geosyýasy tarapy hem bar. Eýýäm häzirki wagtda biz serhetýaka derýalaryň suw serişdelerinden peýdalanmagyň kyn meseleleri bilen çaknyşdyk. Bu meseläniň ähli çylşyrymlygynda biz onuň syýasylaşmagyna ýol bermeli däldiris.
 Bäşinji çagyryş – global energetika howpsuzlygy
 Ähli ösen ýurtlar ätiýaçlyk we „ýaşyl“ energetika tehnologiýalaryna özleriniň maýa goýum- laryny köpeldýärler. Eýýäm 2050-nji ýylda olaryň ulanylmagy sarp edilýän energiýanyň 50%- ine çenli ulanylmagyna mümkinçilik berer. Uglewodorod ykdysadyýetiniň eýýamynyň ýuwaş- ýuwaşdan özüniň ahyryna barýanlygy aýdyňdyr. Täze eýýam başlanýar, onda adamzadyň durmuşy diňe bir nebite we gaza esaslanman, eýsem energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine hem esaslanar.
Gazagystan global energetika howpsuzlygynyň esasy elementleriniň biri bolup durýar. Dünýä derejesinde nebitiň we gazyň iri ätiýaçlyklaryna eýelik edýän biziň ýurdumyz ygtybarly strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary syýasatyndan we energetika ulgamynda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy syýasatyndan bir ädim hem yza tesmez.
 Altynjy çagyryş – tebigy serişdeleriniň tükenmegi
Ýeriň tebigy serişdeleriniň çäkliliginiň, tükenmeginiň şertlerinde, adamzadyň taryhynda sarp edilmeleriň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanmagy dürli ugurly hem negatiw, hem pozitiw hadysalaryň ýüze çykmagyna itergi berip biler. Biziň ýurdumyz bu babatda birnäçe artykmaçlyklara eýelik edýär. Allatagala bize köp sanly tebigy baýlyklaryny berdi. Beýleki ýurt- lara we halklara biziň serişdelerimiz gerek bolar. Biziň üçin özümiziň tebigy baýlyklarymyza bolan gatnaşygymyz barada oýlanyşmak prinsipial taýdan juda wajypdyr. Biz olary dogry dol- andyrmagy öwrenmeli, olaryň satuwyndan alynýan girdejileri gaznada toplamagy öwrenmeli we iň esasy zat hem – biziň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny durnukly ykdysady ösüşe tarap netijeli ugrukdyryp goýbermegi öwrenmegimizdir.
 Ýedinji çagyryş – Üçünji industrial rewolýusiýa
Adamzat Üçünji industrial rewolýusiýasynyň bosagasynda dur, ol önümçilik diýen düşünjäniň özüni üýtgedýär. Tehnologik açyşlar dünýä bazarlarynyň gurluşyny we talaplaryny düýpgöter üýtgedýär. Biz eýýäm, ozalky bilen deňeşdirilende düýbünden başga tehnologik hakykylykda ýaşaýarys.
Sanly we nanotehnologiýalar, robot tehnikasy, regeneratiw lukmançylyk we ylmyň köp sanly beýleki gazananlary adaty hakykat bolup galar we ol diňe bir daşky gurşawy transformir- lemän, eýsem adamyň özüni hem transformirlär. Biz bu hadysalaryň işjeň gatnaşyjylary bol- malydyrys.
 Sekizinji çagyryş - ösüp barýan sosial durnuksyzlyk
Häzirki wagtda dünýäniň iň ullakan meseleleriniň biri – güýçlenýän sosial durnuksyzlyk. Onuň esasy sebäbi – sosial deňsizlik.
Şu günki gün dünýäde iki milliona golaý adam özlerine iş tapyp bilmeýär. Hatda Ýewro- pa Bileleşiginde hem soňky on ýyllykda işsizlik iň ýokary derejede durýar we köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň bolmagyna itergi berýär. Şunuň bilen baglanyşykly bir zady belläp geçmeli, ýagny Gazagystanda bu ýagdaý asuda bolup durýar. Şu günki gün bizde iň täze taryhyň ähli döwründe işsizligiň pes derejesi bar. Bu, elbetde, ullakan abraý. Ýöne muňa garamazdan, biz mundan beýläk „Ýatana berseň, maňa ber“ diýip ýatyp bilmeris.
Sosial-syýasy çökgünlige geçýän global ykdysady çökgünlik, Gazagystana hem hökman öz täsirini ýetirer, biziň mäkämligimizi barlap görer. Şol sebäpli hem gün tertibinde sosial howpsuzlygyň we sosial durnuklylygyň meselesi öňe sürülýär. Biziň üçin wajyp wezipe – biziň jemgyýetimizde sosial durnuklylygy berkitmek.
 Dokuzynjy çagyryş – biziň siwilizasiýamyzyň gymmatlyklarynyň çökgünligi
Dünýä dünýägarýyşlarynda we gymmatlyklarda ýiti çökgünligi başdan geçirýär. Siwilizasiýanyň gapma-garşylyklary, taryhyň soňy, multikulturalizmiň ýykylmagy barada mälim edýän sesler  ýygy-ýygydan eşidilip başlandy.
Biziň beýle dünýägaraýyşly diskursa çekilmezligimiz prinsipial taýdan wajypdyr, özümiziň ýyllaryň dowamynda synagdan geçen gymmatlyklarymyzy gorap saklamalydyrys. Biz öz tejribämizden bilýäris, ýagny biziň nämämiziň gowşak ýerimiz diýlip atlandyrylýanyny – köp etnoslylyk we polikonfessionallyk, biz özümiziň ileri tutulýan ugrumyza öwürdik.
Biz medeniýetleriň we dinleriň özara gatnaşyklarynyň saklanmagynda ýaşamaklygy öwrenmeli. Biz medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň gepleşiklerine meýilli bolmaly.
Diňe beýleki milletler bilen gepleşiklerde biziň ýurdumyz üstünlik gazanyp biler we geljekde täsirli bolup biler. XXI asyrda Gazagystan özüniň sebitde liderlik pozisiýasyny berkitmelidir we Gündogaryň we Günbataryň gepleşikleri we özara aragatnaşyklary üçin köpri bolmalydyr.
 Onunjy çagyryş – täze dünýä durnuksyzlygynyň howpy
Şu wagt dünýäde nämeleriň bolup geçýänini hemmämiz görýäris. Bu çökgünligiň täze tolkuny däl, ol 2007-2009-njy ýyllardaky çökgünligiň dowamy, ondan dünýä ykdysadyýeti heniz hem çykanok. Global ykdysady ulgam eýýäm 2013-2014-nji ýyllarda hem ullakan näsä- zlyga duçar bolup biler, hususan hem, çig mala dünýä nyrhlarynyň çökmesine getirip biler. Biziň üçin beýle ssenariý juda islenilmeýän ýagdaý bolup durýar.

ÝB-de we/ýa-da ABŞ-da bolup biljek resessiýa ösen ýurtlaryň çig mal serişdelerine bolan talaplarynyň azalmagyna getirip biler. Ýewrozolagyň hiç bolmanda bir döwletiniň potensi- al defolty „domino effektini“ gozgap biler we biziň halkara ätiýaçlyklarymyzyň abatlygynyň saklanmagynyň we biziň eksport ibermelerimiziň durnuklylygynda mesele bolup biler. Walýu- ta serişdeleriniň azalmagy walýuta kurslarynyň we inflýasiýanyň basyşyny güýçlendirýär, bu bolsa ýene-de sosial-ykdysady ýagdaýa tersin täsirini ýetirip biler.

Şunuň bilen baglanyşykly biz hökümetiň, döwletiň we jemgyýetiň ähli şahalarynyň, halkara ýagdaýynyň islendik ssenariýasynyň ýüze çykan ýagdaýynda ähli tarapdan taýýar bolmagymyz üçin oýlanyşykly, ylalaşylan we utgaşdyrylan ugurlaryny işläp taýýarlamalydyrys.

III. “Gazagystan–2050” strategiýasy – çalt üýtgeýän taryhy şertlerde täze Gazagystan üçin täze syýasy ugur

Hormatly gazagystanlylar!Gadyrly watandaşlar!
Biziň öňümizde duran çözülmeli wezipelerimiziň paradigmasy hil taýdan üýtgedi.
Täze çagyryşlary mynasyp kabul etmek üçin 2030–Baş strategiýasynyň çarçuwalary ýeter- likli däldir. Bize meýilnamalaşdyrmagyň gözýetimlerini giňeltmek wajyp bolup durýar we edil 15 ýyl mundan öňküsi ýaly nobatdaky dünýägaraýyşly böwsülme amala aşyrylmalydyr.
Birinjiden, Gazagystan – häzirki zaman döwleti. Biziň jemgyýetimiz ýetişdi. Şol sebäpden hem biziň häzirki gün tertibimiz döwletiň emele geliş tapgyryndaky gün tertibinden tapawut- lanýar.
Dünýäde bolup geçýän transformasiýalaryň häsiýeti we çuňlugy, global özara baglanyşyklyk durnukly uzak möhletli ösüşi talap edýär. Köp ýurtlar eýýäm 2030–2050-nji ýyllaryň çäklerin- den uzaga göz gezdirmeklige synanyşýar. “Dolandyrylýan çaklama” häzirki durnuksyz wagt- da döwletleriň ösüşiniň wajyp guralyna öwrülýär.
Ikinjiden, “Gazagystan–2030” strategiýasy biziň döwlet gurluşymyzyň emele gelýän döwründe döredildi. Özüniň binýatlaýyn görkezijileri boýunça ol ýerine ýetirildi.
Üçünjiden, biz täze hakykat bilen peýda bolan çagyryşlar we howplar bilen çaknyşýarys. Olaryň hemme taraplaýyn häsiýeti bar we ähli ýurtlara we sebitlere hem galtaşýar.
Biz “Gazagystan–2030” strategiýasyny işläp taýýarlanymyzda, hiç kim göz öňüne hem geitrmändi, ýagny özüniň gerimleri boýunça şeýle dünýä maliýe-ykdysady çökgünligi başlanar diýip oýlanmaýardy, onuň netijesinde täze, düýbünden göz öňünde tutulmadyk ykdysady we geosyýasy ýagdaýlar ýüze çykypdy.
2030 – strategiýasy 1997-nji ýylda açyk resminama hökmünde döredildi. Biz ilkibaşda oňa mümkin bolup biljek düzedişleri goýduk. Dünýäde ýagdaýlaryň üýtgeýänligine düşünmek bilen durmuş hem üýtgeýär, meniň tabşyrygym boýunça iş topary döredildi, ol biziň ýagdaýymyza düşünmegiň üstünde we täze şertlerde biziň mümkin boljak ugrumyzyň üstünde işledi.
Onuň işläp taýýarlamalaryny nazara almak bilen, men 2050-nji ýyla çenli milletiň täze syýasy ugruny gurmagy teklip edýärin. Biz, özümiziň meýilnamamyza wagtyň we şertleriň, edil “Gazagystan–2030” maksatnamasy bilen bolup geçişi ýaly, özüniň düzedişlerini girizjek- digine aýdyň düşünmelidiris.
2050-nji ýyl – bu diňe bir şanly sene däl. Bu hakyky möhlet, ol şu gün dünýä jemgyýetçilig- ine salgylanýar. BMG-de 2050-nji ýyla çenli siwilizasiýanyň ösüşiniň Global çaklamasy işlenip taýýarlanyldy. 2050-nji ýyla çenli çaklama nutugy Bütindünýä azyk guramasy tarapyndan yglan edildi. Häzir köp sanly ýurtlar şeýle uzak möhletli ugurlary işläp taýýarlaýarlar we kabul edýärler. Hytaý strategik meýilnamalaşdyrmanyň edil şeýle gözýetimini kesgitledi. Hatda iri transmilli kompaniýalar hem ýarym asyr öňünden ösüş ugurlaryny işläp taýýarlaýarlar.
On bäş ýyl mundan öň, haçanda “2030 strategiýasy” kabul edilende, eýýäm biziň täze eýýa- mymyzda doglan gazagystanlylaryň ilkinji nesli ýaňy mekdebe gitmek üçin taýýarlanýardy. Şu gün olar eýýäm ýokary okuw mekdeplerinde öz okuwlaryny tamamlaýarlar. Eýýäm iki-üç ýyldan bolsa, garaşsyzlygyň ikinji nesli peýda bolup başlar. Şol sebäpden hem biziň üçin, olara eýýämden dogry ýoly görkezmek üçin pikirlenmegimiz wajypdyr.
Biziň baş maksadymyz – 2050-nji ýyla çenli dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň otuzysynyň hataryna girmek. Biziň gazananlarymyz we ösüşiň Gazagystan modeli täze syýasy ugruň özeni bolmalydyr.
Gazagystan–2050 strategiýasy – bu Gazagystan–2030 strategiýasynyň täze tapgyrda sazlaşykly ösüşi. Bu biz kim, nirä barýarys we 2050-nji ýylda nirede bolmak isleýäris diýen soraga jogap. Men ýaş neslimizi edil şu mesele gyzyklandyrar diýip pikir edýärin. Şularyň hemmesinden ugur almak bilen, men milletiň 2050-nji ýyla çenli Täze syýasy ugrunyň taslamasyny teklip edýärin. Bu hem Gazagystanyň halkyna iberýän Ýüzlenmäm bolar.
Biz nirä barýarys?
Gazagystan 2050-nji ýylda dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň otuzysynyň içinde bolmaly.

Ösüp barýan ýurtlaryň arasynda bu klubdan orun almak üçin bäsleşikler gaty gyzgalaňly bolar. Millet global ykdysady çaknyşmalara taýýar bolmalydyr, Günüň aşagynda ýeriň diňe güýçlülere kepillen-dirilýänligine çuňňur düşünmelidir. Biz maksada okgunly we ruhubelentlik bilen işlemelidiris, özümiziň ilkinji derejeli maksatlary-myzy göz astyndan sypdyrmaly däldiris:

•     Döwlet gurluşynyň geljekki ösüşi we berkidilmegi.
•     Ykdysady syýasatyň täze prinsiplerine geçmek.
•     Telekeçiligiň – milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy güýjüniň hemme taraplaýyn goldanylmagy.
•     Täze sosial modeli emele getirmek.
•     Bilimiň we saglygy goraýşyň häzirki zaman we netijeli ulgamlaryny döretmek.
•     Döwlet diwanynyň jogapkärçiligini, netijeliligini we funksionallygyny ýokarlandyrmak.
•     Halkara we goranyş syýasatynyň täze çagyryşlaryna laýyklykda gurmak.
Şu gün şeýle hem men 2013-nji ýylda ilkinji nobatda goýlan wezipeler barada aýdaryn, olar Täze 2050 – syýasy ugruna üstünlikli başlangyç berer. Bu wezipelere laýyklykda Hökümet haýal etmän 2013-nji ýylda hereketleriň Umumy milli meýilnamasyny işläp taýýarlamalydyr.
Bu wajyp resminama öz içine anyk tabşyryklary almalydyr we häkimiýetiň ýerine ýetiriji, kanunçylyk we kazyýet şahalarynyň ýolbaşçylarynyň şahsy jogapkärçiligini göz öňünde tutmaly- dyr. Prezidentiň Diwany onuň taýýarlanylyşynyň gidişini we soňra onuň durmuşa geçirilmegini aýratyn gözegçilikde saklamalydyr.
Indi bolsa men „Gazagystan-2050“ strategiýasynyň esasy ugurlaryna özümiň göz ýetirişim barada aýdasym gelýär.
1. Täze ugruň ykdysady syýasaty – girdejililik, maýa goýumla-ryndan gaýdyp gelmeler we bäsleşige ukyplylyk prinsiplerindäki hemme zady öz içine alýan ykdysady pragma- tizm.
1. HEMME ZADY ÖZ IÇINE ALÝAN YKDYSADY PRAGMATIZM
Täze ugruň ykdysady syýasatynyň mazmuny – hemme zady öz içine alýan ykdysady prag- matizm. Hakykatda, bu biziň şu günki garaýyşlarymyzyň we çemeleşmelerimiziň düýpgöter döwlüp taşlanmagy.

Bu nämäni aňladýar?

Birinjiden, ykdysady maksada laýyklyk we uzak möhletli bähbitlilik nukdaýnazaryndan yk- dysady we dolandyryjy çözgütleriniň birini hem goýbermän kabul etmek.
Ikinjiden, Gazagystanyň deň hukukly telekeçi-hyzmatdaş hökmünde gatnaşyp biljek täze bazar tagçalaryny kesgitlemek. Ykdysady ösüşiň täze nokatlaryny döretmek.
Üçünjiden, ykdysady potensialy ýokarlandyrmak üçin amatly maýa goýumlar klimatyny döretmek. Girdejililik we maýa goýumlaryndan gaýdyp gelmeler.
Dördünjiden, ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek. Eksportyň döwlet tarapyndan goldanylmagy.
Täze işgärler syýasaty
Täze ykdysady syýasatyň üstünliginiň esasy şerti işgärler bilen berkidilmelidir. Munuň üçin biz dolandyryjy serişdelerimizi kämilleşdirmelidiris we munuň üçin bolsa bizde serişdeler bar.
•         Döwlet ulgamynda menejmentiň häzirki zaman gurallaryny özleşdirmek we korporatiw dolandyryşyň prinsiplerini özleşdirmek zerurdyr. Şunuň bilen bir wagtda zähmetiň halkara bölünmesinden peýda almak biz üçin zerur bolup durýar, hususan hem, autsorsing maksatnamasynyň üsti bilen biziň täze ugrumyzyň käbir meselelerini çözmegimiz üçin daşarky işgärler serişdelerini çekmegimiz zerurdyr. Şeýle hem biz açyk bazarda iň oňat daşary ýurtly işgärleri işe çekmelidiris we biziň ýurdumyzda işlemekleri üçin olary çagyrmalydyrys.
•         Giňişleýin halkara tejribeli we bilimli dolandyryjy işgärlerden peýdalanmak özüniň iki  taraplaýyn  netijesini  berer:  biz  diňe  bir  öz  önümçiligimiziň  menejmentini kämilleşdirmän, eýsem, biz öz ýurdumyzyň işgärlerine hem öwrederis.
Bu – biziň üçin täze tejribe. 2050-nji ýyla çenli şu aşakdaky meseleleriň tapgyrlaýyn çözülmegini üpjün etmek prinsi- pial wajypdyr:

Birinjiden, döwletiň makroykdysady syýasaty kämilleşdirilmelidir.

Býujet syýasaty
•         Biz býujet syýasatynyň täze prinsipi bilen ýaraglanmaly – diňe öz mümkinçilikleriniň çäklerinde harçlamaly we ýetmezçiligi mümkin bolan iň pes derejä çenli azaltmaly.
•         Gara gün üçin ätiýaçlyklary köpeltmeli, olaryň uzak möhletli geljek üçin abatlygyny
üpjün etmeli.
•         Býujet-maliýe hadysasyna gatnaşyk, edil öz hususy goýumlaryňa ýaly yhlasly we oýlanyşykly bolmaly. Başga sözler bilen aýdylanda, ýekeje býujet teňňesi ýele sow- rulmaly däldir.
Döwletiň býujeti, mysal üçin ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy we infrastrukturanyny ös- dürmek ýaly uzak möhletli umumy milli taslamalaryň geljeginiň nukdaýnazaryndan öndüri- jilikli taslamalardan gurlan bolmalydyr.
Maýa goýumlary üçin desgalary, olaryň maksada laýyklygy we peýdalylygy boýunça berk saýlanyp alynmalydyr. Eger girdeji getirmän we ýurduň raýatlarynyň meselelerini çözmän saklamak üçin çykdajylary talap edýän bolsa, onda hatda iň häzirki zaman desgalarynyň hem býujet üçin agyr ýük bolýandygyny ýatda saklamak wajypdyr.
Salgyt syýasaty
•         Önümçilik we täze tehnologiýalar ulgamynda meşgullanýan desgalar üçin amatly sal- gyt düzgünlerini girizmek zerurdyr. Şu wagt şeýle iş başlandy. Ony kämilleşdirmegiň wezipelerini goýýaryn: ähli hereket edýän salgytlaryň derňewini geçirmeli we olary ýokary maksimal netijeli etmeli.
•         Biz salgytlaryň we gümrük dolandyryşynyň liberalizasiýasynyň we ulgamlaşdyrylmagynyň syýasatyny dowam etdirmeli. Salgyt hasabatlylygyny sadalaşdyrmaly we salgyt hasabatlylygyny iň pes derejä çenli azaltmaly
•         Biz bazaryň gatnaşyjylaryny salgytlardan gaçmagyň usullaryny gözlemäge gönükdirmeli däl-de, eýsem olary bäsleşikli bolmaga höweslendirmeli.
•         Salgyt gözegçiliginiň pragmatiki azaldylmagy hojalyk subýektleriniň salgyt gullugy bilen gepleşiklerini azaltmalydyr. Geljekki bäş ýylda hemmeler onlaýn elektron hasa- batlylyk düzgünine geçmeli bolarlar.
•         2020-nji ýyldan başlap, biz salgyt karzlaşdyrylmagynyň tejribesini girizmelidiris. Baş wezipe – telekeçileriň maýa goýum işjeňligine höwes döretmek.
•         Täze salgyt syýasaty sosial ugurly bolmalydyr. Munuň üçin, 2015-nji ýyldan başlap, höweslendiriji çäreleriň toplumuny işläp taýýarlamaly, şol sanda, özüniň, öz maşgalasynyň, işgärleriniň bilimine we lukmançylyk ätiýaçlandyrylmasyna serişdelerini goşant hökmünde goýýan kompaniýalary we raýatlary salgytlardan boşatmak ýaly tejribeleri göz öňünde tutýan çäreleriň toplumuny işläp taýýarlamaly.
Şeýlelik bilen, telekeçilik derejesindäki geljekki salgytlar syýasaty içerki ösüşe we daşarky bazarlara ýurdumyzyň eksportynyň ösmegine ýardam bermelidir, raýatlaryň derejesinde bolsa olaryň toplamalaryna, süýşürintgilerine we goýumlaryna ýardam bermelidir.
Pul-karz syýasaty
•         Dünýä ykdysadyýetindäki amatsyz ýagdaýlary nazara almak bilen, biz her bir gazagystanlynyň girdejileriniň goragyny üpjün etmelidiris we ykdysady ösüş üçin inflýasiýanyň ýerlikli derejesini saklamalydyrys. Bu diňe bir makroykdysady mesele däl, eýsem bu ýurduň sosial howpsuzlygynyň meselesi. Bu hem – Milli bankyň we Hökümetiň işiniň eýýäm 2013-nji ýyldan başlap baş meselesi bolar.
•         Gazagystanyň banklary öz nobatynda öz wezipelerini ýerine ýetirmelidirler we karz
serişdelerinde ykdysadyýetiň hakyky ulgamynyň talaplaryny üpjün etmelidirler. Şunda maliýe ulgamyna gözegçiligi gowşatmaly däl, banklary problemaly karzlardan aras- salamak zerurdyr we gaznalaşdyrmagyň meseleleri bilen çynlakaý meşgullanmalydyr. Munuň üçin Milli bank we Hökümet Prezidentiň Diwanynyň utgaşdyrmagynda ykdysadyýetiň zerur pul serişdeleri bilen üpjün edilmegine gönükdirilen pul-karz syýasatynyň konseptual taýdan täze ulgamyny işläp taýýarlamalydyr.

Döwlet bergilerini we daşarky bergileri dolandyrmak syýasaty

•         Biz ýurduň döwlet bergisiniň derejesini hemişelik gözegçilikde saklamalydyrys. JIÖ ba- batda býujetiň ýetmezçiligini 2013-nji ýylda 2,1%-den 2015-nji ýylda 1,5% çenli azalt- maly.
•         Döwlet bergisi aram derejede galmalydyr. Bu prinsipial mesele, sebäbi diňe şeýle etsek
biz özümiziň býujetimiziň durnuklylygyny we dünýäniň durnuksyzlygy şertlerinde milli howpsuzlygy üpjün edip bileris. Ykdysadyýetiň kwaziodöwletlilik ulgamynyň bergisiniň derejesini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr.
Ikinjiden, infrastrukturanyň ösüşine biziň çemeleşmämiz prinsipial täze bolmalydyr.Infrastruktura ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini giňeltmelidir. Infrastrukturany iki sany esasy ugurda ösdürmek möhümdir: milli ykdysadyýeti global gurşawa integrirlemek, şeýle hem ýurduň içindäki sebitlere hereket etmek.
•         Öz peýdalarymyzy mäkäm hasaplamak bilen, Gazagystanyň çäklerinden daşarda ulag- logistiki desgalaryny döretmek üçin ýurduň çäklerinden çykylýan çykalga ünsi jemle- melidiris. Biz häzirki bar bolan düşünjeleriň çäklerinden çykmalydyrys we sebitde we bütin dünýäde – Ýewropada, Aziýada, Amerikada bilelikdäki kärhanalary döretmeli, mysal üçin, deňze göni çykýan portlary bolan ýurtlar bilen, dünýäni uzel nokatlarynda ulag-logistiki habarlary bar bolan we başga, ýurtlar bilen bilelikdäki kärhanalary döret- meli. Beýle maksat bilen “Global infrastruktura integrasiýa” ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak zerurlygy ýüze çykýar.
•         Biz özümiziň tranzit potensialymyzy hem ösdürmelidiris. Şu günki gün umumy milli
iri infrastrukturaly taslamalary durmuşa geçirilýär, olaryň netijesi bolup 2020-nji ýyla çenli Gazagystanyň üstünden tranzit daşalmalarynyň iki esse köpeldilmegi bolmaly- dyr. 2050-nji ýyla ýenli bolsa bu san 10 esse köpelmelidir.
•         Hemme zat esasy wezipä – biziň eksportymyzyň diňe, biziň önümlerimize we hyzmat-larymyza uzak dowamly islegi bildiriljek dünýä bazarlaryna ugrukdyrylmagyna boýun egdirilen bolmalydyr. Infrastrukturanyň döredilmegi şeýle hem düşewüntlilik kanunyna boýun egmelidir. Gurluşygy diňe täze telekeçiligiň döremegine we iş orunlarynyň döredilmegine getirip biljek ýerlerinde gurmak zerurdyr.
•         Ýurduň içinde uzak aralyklarda ýerleşýän sebitleri ýa-da ilatyň gürlüginiň ýetmezçilik edýän sebitlerinde durmuş üçin wajyp we ykdysady taýdan zerur desgalaryň gurul- magy bilen “ýapmak” üçin “infrastruktura merkezlerini” döretmeli. Munuň üçin ulag ulgamyny öňe barýan infrastruktura bilen üpjün etmek möhümdir. Hökümete 2013-nji ýylda infrastrukturany döretmek üçin döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy we kabul etmegi tabşyrýaryn.
 Üçünjiden, dolandyryş ulgamyny döwlet aktiwleri bilen kämilleşdirmek.
 Gazagystan – dünýä ölçeglerinde kiçiräk ykdysadyýet. Ony örän netijeli dolandyrmak zerur bolup durýar. Ýurt ýeke-täk korporasiýa ýaly işlemeli, döwlet bolsa onuň ýadrosy bolmaly.
Korporatiw pikirlenişiň güýji şunda gizlenýär, ýagny hemme hadysalara ýeke-täk bitewil- ilik hökmünde garalýar. Ähli derejedäki döwleti dolandyryjylar şeýle telekeçilik pikirlenişini öwrenmelidirler.
Ýene bir gezek gaýtalaýaryn: diňe bir ýurduň býujetini paýlamaly däl-de, eýsem olary oýlanyşykly we olary barlap paýlamaly.
Netijeliligiň esasy görkezijisi – biziň goşantlarymyzdan gaýtaryp alynmalaryň derejesidir. Ýurduň önümçilik potensialyny biz näçe köp ýokarlandyryp bilsek, şonça-da Gazagystan halkara bazarynyň ösüntgisi däl-de hakyky oýunçysy bolar.
•         Täze ykdysady syýasata geçmegiň «lokomotiwi» bolup Milli gazna durmalydyr. Ilkinji nobatda Milli gaznanyň serişdelerini uzak möhletleýin strategik taslamalara gönük- dirmek möhüm bolup durýar. 2013-nji ýylda Milli gaznadaky toplamalar dowam et- dirilmelidir, emma bu serişdeleri juda rejeli we oýlanyşykly ulanmalydyr.
•         Döwlet milli kompaniýalaryň adyndan Üçünji industrial rewolýusiýasynyň netijesinde peýda boljak ulgamlary nazara alýan geljegiň ykdysadyýetini öňe sürmelidir. Ýurduňindustriýasy, biziň öz ýurdumyzda öndürilýän iň täze kompozit materiallaryny ulan- malydyr.
•         Döwlet   maglumatlar   tehnologiýalarynyň   ulgamynda   tranzit   potensialynyň   ösdürilmegini hem öňe sürmelidir. 2013-njy ýyla çenli biz Gazagystanyň üstünden dünýä maglumatlar akymlarynyň azyndan 2-3%-ni goýbermelidiris. 2050-nji ýyla çenli bu san azyndan iki esse köpelmelidir.
•         Şeýle hem h barlaglara we innowasiýalara özleriniň serişdelerini goýmaklary üçin hususy kompaniýalary höweslendirmek zerur. Şulary aýratyn belläsim gelýär:
•         Innowasiýalary ornaşdyrmak örän wajyp, emma bu düýp maksat däldir. Hakyky peý- dany ýurt diňe şeýle ýagdaýda alar, ýagny biziň täze tehnologiýalarymyza islegler bildirilip başlananda we olaryň bazarda berilmegi talap edilen ýagdaýynda alyp başlar. Garşylykly ýagdaýda innowasiýa – bu puly ýele sowurmakdyr.
•         Aýratyn kompaniýalary ýa-da pudaklary saýlap alyp goldamak tejribesini taşlamaly.
 Biz diňe sosial taýdan wajyp, strategik funksiýalaryny ýerine ýetirýän we özüniň netijel- iligini subut edýän pudaklary goldamalydyrys.
 Dördünjiden,      tebigy     serişdeleri     dolandyrmagyň      täze     prinsipial     ulgamyny ornaşdyrmak zerurdyr.
Biz serişdelerden Gagzagystan üçin wajyp strategik artykmaçlyk hökmünde ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin, uly göwrümli daşary syýasy we daşary ykdysady gepleşikleriniň üpjün edilmegi üçin peýdalanmalydyrys.
•         Eýýäm şu wagt hem çig malyň halkara bazarlaryna çykmagyny has çaltlaşdyrmak ge-
 rek, olar täze maliýe çökgünligi ýagdaýynda durnuksyzlaşar. Biziň esasy import edi- jilerimiz çig maly satyn almagy ähmiýetli azaldyp biler, nyrhlar bolsa has aşak düşüp biler. Biziň öňürdýän strategiýamyz bolsa bazarlaryň durnuksyzlaşmagy başlanmanka serişdeleri örän çalt toplamaga mümkinçilik berer, olar soňra ýurtda bolup biljek glob- al çökgünlikden halas bolmaga kömek berer.

•         Tehnologik rewolýusiýa çig malyň sarp edilişiniň gurluşyny üýtgedýär. Mysal üçin kompozitleriň tehnologiýalarynyň we betonyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagy demir magdanynyň we kömrüň ätiýaçlyklaryny arzanladýar. Şu wagtky ýokary dünýä isleglerini ýurdumyzyň bähbitlerinde ulanmak üçin, tebigy serişdelerini gazyp almagyň depginlerini we dünýä bazarlaryna berilmeginiň depginlerini ýokarlandyrmak üçin bu ýenede bir faktordyr.

•         Uglewodorod çig malynyň bazarynda iri oýunçy bolup galmak bilen, biz energiýanyň alternatiw önümçiligini ösdürmeli, günüň we ýeliň energiýasyny ulanýan tehnologiýala- ry işjeň ornaşdyrmaly. Munuň üçin bizde ähli  mümkinçilikler  bar.  2050-nji  ýyla çenli energiýanyň alternatiw we dikeldilýän görnüşli energiýanyň paýyna umumy energiýanyň sarp edilişiniň ýarysyndan azragy düşmelidir.
 
***
 Eger millet 35 ýyldan çig mal serişdelerinden alynýan girdejilerden peýdalanmak islese, onda oňa şu wagtdan taýýarlanyp başlamaly. Bize ýörite strategiýany işläp taýýarlamak zerur bolup durýar – geljekki ýyllarda ähli işleri meýilnamalaşdyrmak üçin ileri tutulýan meseleleri, hyzmatdaşlary kesgitlemeli, iri korporasiýalar we konsernler edil şeýle hereket edýärler.
Bu biziň öz taryhymyzdan baş sapagymyzdyr: Kaşagan boýunça taýýarlygy we gepleşikleri biz 20 ýyl mundan öň başladyk, onuň netijelerini bolsa ýaňy alyp başladyk.
Strategiýany işläp taýýarlamagyň esasy ugurlary:
•         Sebitleriň maýa goýumlarynyň çekilmegine bähbitleri bolar ýaly, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak moratoriýasini ýatyrmak zerur bolýar.
•            Biz çig maly ýönekeý ibermekden energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamyndawe iň täze tehnologiýalaryň alyş-çalyş ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna geçmelidiris. 2025-nji ýylda biz öz hususy bazarymyzy ekologiýalylygyň täze ülňülerine laýyklykda ýangyç- çalgy materiallary bilen doly üpjün etmelidiris.
•            Biz maýa goýumçylary diňe olaryň biziň ýurdumyza gazyp almagyň we gaýtadan işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalaryny getirmek şertinde çekmelidiris. Biz maýa goýumçy- lara biziň çig malymyzy gazyp almaga we gaýtadan işlemeklige diňe biziň ýurdumzyň çäkler- inde iň täze tehnologiýalaryň döredilmegine çalyşmak şertinde rugsat bermelidiris.

•            Gazagystan maýa goýumlar üçin sebit magniti bolmalydyr. Biziň ýurdumyz Ýewraziýa- da maýa goýumlar üçin we tehnologiýalaryň transferti üçin iň özüne çekiji ýer bolmalydyr. Bu prinsipial taýdan wajyp. Biz maýa goýumçylara özümiziň erk edýän artykmaçlyklarymyzy görkezmelidiris.

•            Ähli    gazyp    alyjy    kärhanalar     diňe     ekologiki     taýdan     zyýansyz    önümçilikleri özleşdirmelidirler
 Hormatly watandaşlar!
 Milletiň geljeginiň we döwletiň howpsuzlygynyň bähbitlerinde, uglewodorod çig malynyň strategik „ätiýaçlygyny“ döretmeli. Strategik ätiýaçlyk ýurduň energetika howpsuzlygy üçin fundament bolar. Şonuň bilen birlikde biz bolup biljek ykdysady howsalalaryň ýagdaýynda ýene bir goranyjy eşelony dörederis.
 
***
 Bäşinjiden, bize industrializasiýanyň indiki tapgyrynyň meýilnamasy gerek.
 Ýene iki ýyldan forsirlenen innowasiýa industrializasiýasy maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň birinji bäşýyllygy tamamlanar.
Hökümet industrializasiýanyň indiki tapgyrynyň jikme-jik meýilnamasyny işläp taýýarla- malydyr. Perspektiwaly tehnologik ugurlarynyň ösüş geljeginiň ssenariýasy möhüm bolup durýar.
Netijede, eksportyň umumy göwrüminde çig mal däl eksportyň göwrümi 2025-nji ýyla çenli iki esse köpelmelidir, 2040-njy ýyla çenli bolsa üç esse köpelmelidir.
 Munuň üçin näme etmeli?
•            2050-nji ýyla çenli Gazagystan iň täze tehnologik ülňülerine laýyklykda özüniň önümçi- lik aktiwlerini dolulygyna täzelemelidir.
Bäsleşiklere has ukyply pudaklarda biz ýurdumyzyň öndürijileri üçin täze bazar tagçala- ryny emele getirmegiň ugurlaryny işjeň işläp taýýarlamalydyrys. Bu deindustrializasiýanyň potensial destruktiw täsirlerinden, aýratyn hem BSG-na girmegiň pespektiwa-syny nazara almak bilen, gaça durmaklyga mümkinçilik berer.
Ýurdymyzda öndürilýän önümler bäsleşige ukyply bolmalydyr. 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Gazagystanyň, Russiýanyň we Belarusyň gatnaşmagy bilen Ýeke-täk yk- dysady giňişligi döretmegiň işjeň tapgyry başlandy. Bu ägirt bazar, onuň jemleýji JIÖ ösüşi 2 trillion ABŞ-nyň dollaryna deň, ol sarp edijileriň 170 million sanysyny birleşdirýär, ol biziň telekeçiligimize bäsleşigi öwretmelidir. Şunda, ykdysady-integrasiýa hadysasynda Gaza- gystan özüniň syýasy garaşsyzlygynyň çigit ýaly bölegini hem ýitirmeýär.
•            Biz eksporta gönükdirilen çig mal däl ulgamynyň giňeldilme-gine daýanmak bilen täze
önümçilikleri  ösdürmelidiris.
•            Biz forsirlenen industrial-innowasiýa ösüşi boýunça Döwlet maksatnamasyny import senagat kuwwatlyklarynyň we tehnologiýalarynyň çalşygyna gönükdirmelidiris. Munuň üçin bize bilelikdäki halkara kompaniýalaryny döretmek we ösdürmek boýunça we ýurt üçin peýdaly hyzmatdaşlyklar üçin kiçi maksatnamalar gerek.
•            2030-njy ýyla çenli Gazagystan kosmos hyzmatlarynynyň dünýä bazarynda özüniň tagçasyny giňeltmelidir we başlanan birnäçe taslamalary logiki taýdan tamamlamalydyr. Men Astanadaky kosmos enjamlarynyň ýygnaýyş-synag toplumy barada, distansiýa zondirlemegiň kosmos ulgamy, kosmos monitoringiniň we ýerüsti infrastrukturasynyň milli ulgamy, ýokary takykly hemralar nawigasiýa ulgamy barada aýdýaryn.
•            Iki sany öňdebaryjy innowasiýa klasterleriniň: Nazarbaýew Uniwersitetiniň we innowasiýa tehnologiýalarynyň parkynyň ösüşini dowam etdirmeli. Bize çalt depginde pes uglerodly ykdysadyýete geçmek gerek.
2013-nji ýylda „Ýaşyl köpri“ halkara guramasyny döretmegi, şeýle hem Almatanyň töweregindäki hemra şäherleriniň binýadynda Green4 taslamasyny durmuşa geçirip başlamagy teklip edýärin.
Ýurduň ösüşiniň „ýaşyl“ ýola geçmeginiň kuwwatly impulsy bolup Astanada geçirilejek EKSPO-2017 sergisi durýar. Paýtagtymyzda ylmyň we tehnikanyň dünýädäki iň oňat gaza- nmalary görkeziler. Köp sanly gazagystanlylar biziň ymtylýan „geljegiň energiýasyny“ öz gö- zleri bilen görüp bilerler. 
 

 ***
 
 Şu wagt men ýurduň Üçünji industrial rewolýusiýasyna taýýarlanmagynyň bagly bolýan prinsipial taýdan iň wajyp meseleleri galdyrdym.
 Altynjydan, oba hojalygyny giňişleýin kämilleşdirmek gerek, aýratyn hem oba hojalyk önümlerine ösüp barýan global islegleriniň şertlerinde kämilleşdirmek gerek bolar.
Dünýäniň azyk bazarynyň lideri bolmak üçin we oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrmak üçin, biz şulary ýerine ýetirmeli:
•         Ekerançylyk meýdanlaryny köpeltmeli. Bellemeli zat, beýle mümkinçilik hemme ýurtlarda ýok.
•         Täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna hasyllylygyň ähmiýetli köpelmegini üpjün etmeli.
•         Maldarçylygyň iým binýadyny dünýä derejesinde döretmek üçin bizde ullakan potensial bar.
•         Biz ekologik arassaçylyga gönükdirmek bilen bäsleşige ukyply milli brendlerimizi döretmelidiris. Netijede men biziň agrosenagat toplumymyzyň öňünde şeýle wezipä- ni – ekologik taýdan arassa önümçilik ulgamynda global oýunçy bolmak wezipesini goýýaryn.
 Fermerçiligi we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde we söwdada kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek
Bu esasy mesele. Bu ýerde bize zerur bolup durýar:
•         Ekerançylyk medeniýetini üýtgetmek we täze ylmy, tehnologik, dolandyryş gazanylan- lary nazara almak bilen biziň maldarçylykdaky adatlarymyzy dikeltmek.
•         Iri eksport bazarlaryny eýelemek üçin, haýsy önümleriň köpçülikleýin öndürilmeginiň zerurlygyny kesgitlemek. Kabul edilen çäreleriň netijesi bolup 2050-nji ýyla çenli oba hojalyk önümleriniň paýynyň ýurduň JIÖ-de 5 esse köpelmegi bolmalydyr.

 Eýýäm 2013-nji ýylda men Hökümete tabşyrýaryn:

•         Ýurduň agrosenagat toplumuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň täze Maksatnamasyny kabul etmeli;
•         2020-nji ýyla çenli oba hojalygyny döwlet tarapyndan goldamagyň göwrümini 4,5 esse köpeltmeli;
•         Iň täze agrotehnologiýalarynyň ulanylmagyna gönükdirilen orta we iri harytlyk oba ho- jalyk önümçiliklerini döretmek boýunça kanunçylyk we ykdysady höweslendirmegiň ulgamyny işläp taýýarlamaly;
•         Bölüp berlenden soňra kesgitli döwrüň dowamynda özleşdirilip başlanmadyk ýer üçin ýokarlandyrylan salgyt nyrhlaryny girizmeli.
Ýedinjiden, biziň ýurdumyzyň suw serişdeleri babatda täze syýasaty işläp taýýarla- mak hem möhümdir.
Oba hojalyk mätäçlikleri üçin bize suwuň bimöçber mukdary gerek bolup durýar. Şol se- bäpli biz şulary ýerine ýetirmeli:
•         Beýleki ýurtlarda suw bilen üpjün etmek meselelerini çözmegiň öňde baryjy tejribelerini mazaly öwrenmek, mysal üçin, Awstraliýada we ony biziň şertlerimizde ulan- mak.
•         Ýerasty suwlaryny almagyň we ony tygşytly ulanmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, bizde ep-esli suw ätiýaçlyklary bardyr.
•         Agrosenagat ulgamynda suwy tygşytlaýjy tehnologiýalaryna toplumlaýyn geçme- lidiris.
Biziň jemgyýetimiziň aňyny umuman üýtgetmek zerur bolup durýar. Biz suwy – biziň iň gymmatbahaly tebigy baýlygymyzyň birini biderek harçlamagyzy bes etmelidiris.
2050-nji ýyla çenli Gazagystan suw bilen üpjünçilik meselesini çürt-kesik çözmelidir.
 Hökümete suw boýunça uzak möhletli döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaklygy tabşyrýaryn, onda yzygiderli, birinji tapgyrda, 2020-nji ýyla çenli ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň meselesi çözülmelidir, 2040-njy ýyla çenli bolsa suwarmanyň meselesi çözülmelidir.

 2. Telekeçiligi – milli ykdysadyýetiň öňde baryjy güýjüni hemme taraplaýyn golda- mak

 Ýurdumyzyň telekeçiligi täze ykdysady ugruň hereket ediji güýji bolup durýar. Kiçi we orta telekeçiligiň ykdysadyýetdäki paýy 2030-njy ýyla çenli azyndan iki esse köpelmelidir.
Birinjiden,biz adamyň tä onuň meselelerini döwletiň çözmegine çenli garaşyp ýatmagy däl-de, eýsem öz-özüni telekeçilikde synap görmegi üçin, ýurtda geçirilýän ykdysady özgertmeleriň doly derejeli gatnaşyjysy hökmünde synap görmegi üçin şertleri döretmelidiris. Işewürlik medeniýetiniň umumy derejesini ýokarlandyrmak we telekeçilik tekliplerini höweslendirmek wajyp bolup durýar.
Munuň üçin şu aşakdakylar möhüm:
•         Kiçi we orta telekeçiligi birleşmeklige we goşulmaklyga bolan meýillerini goldamak we olary goldaýan we höweslendirýän ulgamy döretmek;
•         Ýerli tekeleçilik teklipleriniň höweslendirilmeginiň hasabyna we iň pes, emma berk düzgünleşdirmegiň hasabyna içerki bazary ösdürmek;
•         Telekeçilik  üçin  emeli  böwetleri  döredýän  döwlet  emeldarlary  üçin  jogapkärçilik ulgamynyň has täze, has berk ulgamynyň girizilmegini göz öňünde tutmak;
•         Täze  hakykatlary     nazara  almak     bilen,  şol sanda      biziň ÝYG-na gatnaşmagymyz üçin, BSG-na girmegiň bosagasynda, ýurdumyzyň öndürijilerini goldamagyň meha- nizmlerini kämilleşdirmek we olaryň bähbitlerini goramak we öňe sürmek üçin ähli zerur çäreleri görmek gerek.
Şu günüň wezipesi – ownuk kärhanalaryň we hususy telekeçileriň orta derejedäki kärhanalara geçmekleri üçin zerur şertleri we başlangyçlary döretmek.
Gynansak-da, häzirki wagtda kiçi we orta telekeçilige salgyt salmak ulgamynda bar bo- lan gyşarmalar olaryň ösmegine we kuwwatlanmagyna päsgelçilik berýär. Şol sebäpden hem Hökümet 2013-nji ýylyň ahyryna çenli kanunçylyga, mikro, kiçi, orta we iri telekeçilik düşünjeleriniň anyk kesgitlenilmegine gönükdirilen üýtgeşmeleri girizmelidir. Munda biz kiçi we orta işewürlik segmentlerine berilýän agramy köpeltmeli däldiris.

 Men Hökümete 2013-nji ýylyň birinji ýarymynyň ahyryna çenli Gazagystanyň raýatlarynyň howpsuzlygyna göni täsir etmeýän ähli rugsatnamalary we ygtyýarnamalary ýatyrmaklygy we olary habarnamalara çalyşmaklygy tabşyrýaryn.

Kanunçylyk esasynda şertleri döretmek zerur bolup durýar, onda berilýän harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň hiline gözegçilik etmek meselelerini telekeçiligiň özi düzgünleşdirer. Bize sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň täze ulgamyny işläp taýýarlamak gerek, olar üçin kazyýet çözgütleriniň kabul edilmeginiň köp basgançakly ulgamyny aradan aýyrmak bilen işläp taýýarlamak gerek.
Ikinjiden,döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň prinsiplerinde ygtybarly gepleşikleri gurmak üçin telekeçiligiň jebisleşmegini dowam etdirmeli, bu ähli telekeçileriň bu täze baş ugruň durmuşa geçirilmeginde giňişleýin gurşap alynmak we çekilmek wezipesini çözýär. Halkara tejribesiniň derňewi görkezýär, ýagny telekeçileriň palatalarda jebisleşmegi – bularyň ýerine ýetirilen ýerlerinde ykdysadyýetiň netijeliliginiň wajyp faktorlarynyň biri bolup durýar, „güýçli telekeçilik – güýçli döwlet“ pirinsipi iş ýüzünde amala aşyryldy.
Hökümet tarapyndan „Atameken“ bileleşigi bilen bilelikde telekeçileriň Milli palatasynda hökmany agzalykda durmagynyň konseptual modeli işlenip taýýarlanyldy.
Şeýle model döredilýän telekeçileriň Milli  palatasyna  giňişleýin  ygtyýarlyklary  bo- lan döwlet edaralarynyň hünärment-tehniki bilimi ulgamyndaky funksiýalaryny, ownuk telekeçiligiň toplumlaýyn hyzmatlar bilen goldanylmagyny, aýratyn hem oba ýerlerinde we monoşäherlerde, daşary ykdysady işde wezipeleriň delegirlenmegini üpjün eder. Telekeçileriň Milli palatasy hökümetiň ygtybarly we ygtyýarlykly hyzmatdaşy bolar.
Şunuň bilen baglanyşykly Hökümete degişli kanunçylyk namasyny işläp taýýarlamagy we indiki ýylyň birinji çärýeginde ony Parlamente teklip etmegi tabşyrýaryn.
Üçünjiden,döwlet öz roluny üýtgetmeli. Bize giňişleýin göwrümli hususylaşdyrmagyň ikinji tolkuny zerur bolup durýar.
Bu ýönekeý ädim däl, çünki ol döwletiň we bazaryň arasynda jogapkärçiligiň paýlanylm- agyny aňladar. Emma biz, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamak üçin ol ädimi ätmeli bolýarys.

 Hususy telekeçilik hemişe we hemme ýerde döwlet bilen deňeşdirilende netijeli hereket edýär. Şol sebäpden biz strategik häsiýeti bolmadyk kärhanalary we hyzmatlary hususy ellere tabşyrmaly. Bu ýurdumyzyň telekeçiligini berkitmek üçin prinsipial taýdan wajyp ädimdir.

Bu ýolda ilkinji ädim bolup „Halk IPO“ maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilip başlanmagy  boldy.  Bu  ilkinji  nobatda  milli  baýlygyň  halkyň  eline  paýlanmagydyr.
„KazTransOýl“ kompaniýasy tarapyndan 28 millard teňňe möçberinde paýnamalaryň ýerleşdirilýänligi yglan edildi, şunda eýýäm berilýän haýyşnamalar teklibiň özünden iki esse köp boldy.
 3. Sosial syýasatyň täze prinsipleri – sosial kepillikler we şahsy jogapkärçilik
 Biziň baş maksadymyz – biziň raýatlarymyzyň sosial howpsuzlygy we abadançylygydyr. Bu jemgyýetdäki durnuklylygyň kepilligidir.
Biziň jemgyýetimizde wagtyň çagyryşlaryna hötde gelmäge ukyply täzelenen we has netijeli sosial syýasatyna bolan talaplar ýokarlanýar.
Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, sosial syýasatyň ideal we uniwersal modeli hiç ýerde ýok. Şeýle hem, dünýäde ýurduň ähli raýatlarynyň bar bolan sosial ulgamyndan kanagat- lanýan hiç hili jemgyýet hem ýok.
Raýatlaryň howpsuzlygynyň we abadançylygynyň meselelerini çözmek – bu örän kyn we agyr mesele, ol her bir Gazagystanla degişli bolup durýar. Şol sebäpden hem bu ýerde oňat oýlanyşykly çemeleşmeler gerek.
Men özümiziň saklamaly prinsiplerimizi  göz  öňüme  getirişimi  beýan  edesim  gelýär we olary nazara almak bilen sosial adalatlylyk we sosial üpjünçilik meselelerine biziň çemeleşmelerimiziň düzedilmegini amala aşyryp biljegimizi beýan edesim gelýär.
 Sosial syýasatyň täze prinsipleri
 Birinjiden, döwlet, aýratyn hem global çökgünliginiň şertlerinde, raýatlaryna iň pes sosial ülňüsi  kepillendirmelidir.
Baş wezipe – garyplygyň ösmegine ýol bermezlik.

 Garyplyk ýekeje gazagystanly üçin hem sosial perspektiwa bolmaly däldir. Biz öz raýatlary- myz üçin, ykdysadyýetiň we býujetiň ösüşine göni bagly bolup biljek iň pes derejedäki sosial ülňüleri we kepillikleri bellemelidiris.

Munuň içine şu aşakdakylar girmelidir:
•         Ilki bilen şahsyýetiň talaplarynyň sanawyny giňeltmek we onuň içine bilim almak üçin we saglygy goraýyş üçin maddalary goşmak (şol sanda işsizler we zähmete ukypsyzlar üçin olaryň uly sosializasiýasy maksady bilen), sagdyn iýmit we sagdyn durmuş ýörel- gesi, intellektual we maglumatlar üçin talaplaryny kanagatlandyrmak we ş.m.;
•         Şahsyýetiň talaplarynyň hakyky bahalar boýunça bahasyny hasaplamak (muňa baglylykda,  ýurtda  statistikany  kämilleşdirmek  zerurdyr).  Ykdysadyýetiň  ösüşi  bilen baglanyşdyrylan, ýaşaýyşyň hiliniň ülňülerini oňat hilli tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak.
Şeýle ülňüleriň berjaý edilmegi ähli sosial ulgamyň býujet maliýeleşdirilmesiniň göwrüm- lerini kesgitlemelidir. Bu býujet hadysalarynyň açyklygyny ýokarlandyrar we biz tarapyndan bölünip berilýän serişdeleriň salgylanyşyny güýçlendirer.
Hökümete degişli kanuny işläp taýýarlamagy tabşyrýaryn.
 Ikinjiden,döwlet diňe muňa mätäçlik çekýän toparlara sosial goldawlaryny bermelidir. Munuň üçin näme etmeli?
Döwlet jemgyýetiň sosial taýdan gowşak gatlaklaryna – pensionerlere, maýyplara, zäh- mete ukypsyzlara, ýarawsyz çagalara we başgalara salgylaýyn goldawynyň berilmegi üçin doly jogapkärçilik çeker.
Sosial we pensiýa üpjünçiliginiň ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, eneleri we çagalary hemme taraplaýyn goramak örän möhümdir.
Bizde zähmet bazarynyň talaplary bilen baglanyşykda durýan işsizleri okatmagyň we gaýtadan taýýarlamagyň anyk maksatnamalary bolmalydyr. Döwlet işsizlere sosial taýdan goldawy şeýle şertde, ýagny şeýle derejä duçar bolan adamyň täze hünäri özleşdirýän we gaýtadan okamaga gidýän şertinde bermelidir.
Iş berijileriň ilatyň sosial taýdan gowşak toparlaryna degişli gatlaklaryny işjeň işe çekme- kleri, olary aýlyk haklary bilen üpjün etmekleri üçin şertleri döretmek hem wajypdyr. Ilki bilenbu çäklendirilen mümkinçilikleri bar bolan adamlara degişlidir. Dünýäniň ösen ýurtlarynda hem edil şeýle edýärler. Biz olaryň doly derejede zähmet çekmekleri üçin şertleri döretme- lidiris. Döwlet kömek pullaryny diňe hakykatdan hem işläp bilmeýänler almalydyr. Maýyplary işe alýan we olar üçin şertleri döredýän kompaniýalary we korporasiýalary höweslendirilme- lidir.
 Üçünjiden, biz sebitleri ösdürmekdäki sosial deňsizligiň meseleleriniň çözülmeginde ün- sümizi jemlemelidiris.
Häzir sebitleriň agalabasynyň gowşak ykdysady ösüşi, iş bilen meşgullanýanlaryň sanynyň üpjün edilmezligine getirýär. Ilatyň girdejisiniň derejesiniň polýarlaşmagy bolup geçýär.
(1) Ilki bilen sebitleri ösdürmek ulgamynda döwlet edaralarynyň işiniň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek gerek.
Wezipe – sebitleri ösdürmegiň ähli döwlet we pudaklaýyn maksatnamalarynyň ileri tu- tulýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini sazlamak. Hökümet eýýäm 2013-nji ýylyň birinji ýarymynda sebitlerde zerur we perspektiwaly taslamalaryň sanawyny kesgitlemelidir we ba- halaryny bellemelidir.
 (2)   Geçen ýylda biz monoşäherleri ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçi- rip başladyk. Täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň sosial meseleleriniň çözülmegine, kärhanalaryň işiniň kämilleşdirilmegine ähmiýetli serişdeler gönükdirildi.
Biz ýerlerde dolandyryşyň hilini ýokarlandyrarys. Bu iş meniň hususy gözegçiligimde dur. Şonuň bilen birlikde bize sebitlerde sosial-ykdysady şertlerini deňleşdirmegiň täze netijeli mehanizmleri hem gerek.
Hökümete welaýatlaryň akimleri bilen bilelikde 2013-nji ýylda kiçi şäherleri ösdürmek boýunça maksatnamany kabul etmeklerini tabşyrýaryn. Ol şäherleriň binýatlarynda indus- trial taslamalarynyň birnäçesini döretmek bilen uzak möhletli bolmalydyr. Olaryň wezipe- si – sebitleriň pudaklaýyn ýöriteleşdirme ulgamynyň gurulmagyna ýardam bermek, iri aglomerasiýalaryň industrial-önümçilik şäherleri-hemralary bolmak we ahyr soňunda ýerli ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak we oba ýaşlaryny iş bilen üpjün etmek.

 (3) Biz, umuman, ýurduň sebitlerinde zähmet bazarlaryna täsirini ýetirýän migrasiýanyň meseleleriniň toplumlaýyn çözülmegi üçin çäreleri hem kabul etmelidiris.

Ýanaşyk döwletlerden migrasiýa akymlaryna gözegçiligi güýçlendirmek hem möhüm wezipedir.
Perspektiwaly wezipe hökmünde, ýurdumyzdaky işgärleriň daşary ýurt zähmet bazar- laryna adatdan daşary köp gitmeklerine ýol bermezlik maksady bilen, ýurdumyzyň hünärli işgärleri üçin amatly şertleri döretmek wezipesi hem biziň öňümizde durýar.
Hökümet 2013-nji ýylda migrasiýa meselelerini çözmek boýunça toplumlaýyn meýilna- many işläp taýýarlamalydyr we tassyklamalydyr.
Serhetýaka çäklere aýratyn üns berilmelidir. Olaryň potensialy entek ýeterlikli açylan däl- dir. Olary durmuş üçin has özüne çekiji etmeli. Hökümete akimler bilen bilelikde 2013-nji ýylda serhetýaka etraplaryny ösdürmek boýunça goşmaça çäreleriň toplumyny işläp taýýar- lamak zerur bolup durýar.
 Dördünjiden, biz işliligiň we zähmete hak tölemegiň üpjün edilmek syýasatyny kämilleşdirmeli.
(1) Dünýäniň durnuksyzlygyna esasy abanýan howp – bu işsizligiň köpelmegi. Işe hakyky ýerleşdirmegi ýurtda durmuşa geçirilýän ähli maksatnamalar, hem döwlet we pudaklaýyn maksatnamalar üpjün etmelidir, bu diňe bir olaryň haýsydyr bir bölegini üpjün etmeli däldir.
Şol sebäpden men Hökümete we akimlere eýýäm 2013-nji ýylda:
Telekeçiligi ösdürmek boýunça we telekeçiligi goldamak boýunça ozal kabul edilen ähli maksatnamalary integrirlemegi;
Işsiz adamlaryň we girdejisi pes adamlaryň göteriminiň ýokary derejeli sebitlerine býujet serişdelerini bölüp bermegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamagy tabşyrýaryn.
Bu täzelenen maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçiligi men Premýer-Ministriň we akimleriň hut öz üstlerine ýükleýärin.
 (2) Ýarym ýyl mundan öň, meniň „Sosial modernizasiýa: Ählumumy Zähmet Jemgyýetine tarap ýigrimi ädim“ makalam çap edilenden soň kärdeşler arkalaşygy guramalary barada we zähmeti düzgünleşdirmek hakynda Kanunyň taslamasy taýýarlanyp başlandy.

 Biziň maksadymyz – işgärleriň bähbitlerini nazara almak bilen telekeçiligiň goldanmagyny utgaşdyryjy, zähmet gatnaşyklarynyň prinsipial täze modelini emele getirmek.

Bu kanuny, onuň çaltrak güýje girmegi üçin we hemme zähmetkeşleriň bähbitlerini gora- magy üçin kabul edilemegini çaltlaşdyrmak zerur bolup durýar.
 (3) Hökümet zähmet hakyny tölemek babatda we bu ýerde bar bolan disproporsiýalaryň azaldylmagy üçin düýbünden täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça çäreleri görme- lidir.
***
 Sosial syýasatynyň täze tapgyrynda iň wajyp düzüm birligi diýip, men eneleri we çagalary goramagy yglan edýärin.
 
 Eneleri goramak. Aýallara ýüzlenme
 Döwlet üçin, meniň özüm üçin hem enelik – bu aýratyn aladadyr.
 Mähriban aýal-gyzlar!
 Siz – maşgalanyň diregi, diýmek – döwletiň hem diregi. Biziň ýurdumyzyň geljeginiň nähili boljakdygy, biziň şu günki gün öz çagalarymyzy terbiýeleýşimize göni bagly bolup durýar.
Ilki bilen biziň gyzlarymyzyň terbiýesine ullakan üns bermek juda möhümdir. Ýagny olar – geljekki aýallar, geljekki eneler, maşgala ojagynyň goragçysy.
Gazagystan – dünýewi döwlet. Raýatlaryna wyždanyň erkinligini üpjün etmek bilen, muňa garamazdan döwlet biziň däp-dessurlarymyza we kanunçylygymyza garşy gidýän haýsydyr bilen jemgyýetçilik kadalaryny jemgyýete dakmak üçin özbaşdak hereketlere berk garşy durar.
Biz Gazagystanyň gyzlarynyň oňat bilim almaklary, oňat işde işlemekleri we erkin bolmak- lary üçin ähli şertleri döretmelidiris. Olaryň bank kartoçkasyndan peýdalanmaga, awtomo- billeri sürmäge, hünärini ýokarlandyrmaga, döwrebap bolmaga mümkinçilikleri bolmalydyr, bizde hiç haçan geýilmedik keseki geýim-gejimleri geýmezlige mümkinçilikleri bolmalydyr. Biziň halkymyzyň öz medeniýeti, adatlary, däp-dessurlary bar.

 Halkyň arasynda aýratyn nygtalýan bir söz bar: «Қыздың жолы жiңiшке». Gyz maşgalanyň ýoly, gyzyň ýoly – inçedir, ony üzüp taşlamaly däldir. Gyz, aýal hemişe biziň jemgyýetimzyň deň hukukly agzasydyr, ene bolsa – onuň iň hormatlanýan adamydyr.

Biz aýala - enemize, aýalymyza, gyzymyza hormaty gürrüňsiz gaýtaryp bermelidiris.
 Biz eneleri goramalydyrys. Meni maşgalada aýallara we çagalara edilýän jebirleriň- sütemleriň köpelmegi juda biynjalyk edýär. Aýala hormatsyz gatnaşyk bolmaly däldir. Ýene- de bir zady aýratyn nygtaýaryn, ýagny şeýle jebirleriň-sütemleriň öňi gaty berk alynmalydyr. Döwlet aýala haryt hökmünde garalmalara, jyns taýdan kemsidilmeleriň gözçykgynç ýag- daýlaryna garşy gaty berk göreşmelidir. Biziň ýurdumyzda doly däl maşgalalar kän. Döwlet çagalaryny ýeke özi terbiýeleýän aýallara kömek bermelidir. Biz aýallara işliligiň maýyşgak görnüşlerini bermelidiris, olaryň öýde işlemekleri üçin şertleri döretmelidiris. Kanun, döwlet we men biziň aýallarymyzyň tarapynda bolarys.
Biz ýurdumyzda aýallaryň tutýan ornunyň ýokarlanmagy üçin geljekde hem ähli şertleri dörederis. Häzirki zaman gazagystanly zenan hünärini ýokarlandyrmaga we wezipeli işlerde işlemäge ymtylmalydyr. Zenanlary döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşyna, aýratyn hem se- bitlerde ýerli derejede işjeň çekmeklik zerurdyr. Zenanlaryň telekeçilik işini açmaklary we ýöretmekleri üçin amatly şertleri döretmelidiris.
 Çagalary goramak
 Parahatçylyk döwründe hem bizde müňlerçe ýetim çagalar bar – biziň çagalar öýlerimiz we penakärlik merkezlerimiz hyryn-dykyn dolup dur. Bu gynansak-da, bütin dünýäde hem şeýle we bu ýagdaý global çagyryş bolup durýar. Emma biz beýle tendensiýa garşy durmaly- dyrys. Biziň döwletimiz we jemgyýetimiz ýetimleri ogullyga hem gyzlyga almagy höweslendir- melidir we maşgala görnüşli çagalar öýlerini gurmalydyr.
Erkekleriň aýallara we çagalara juda jogapkärsiz gatnaşyklarynyň sany artýar. Bu biziň däp-dessurlarymyza we medeniýetimize asla mahsus däldir.
Çagalar – bu biziň jemgyýetimiziň iň näzik we goralmadyk bölegidir we olar hukuksyz bol- maly däldirler.

 Milletiň Lideri hökmünde, men her bir çaganyň hukugynyň goralmagyny talap ederin. Biziň topragymyzda doglan islendik çaga - gazagystanlydyr. Döwlet hem çagalar barada ala- da etmelidir.

Men är-aýallaryň aýrylyşmagyna garşy, ýaşlary maşgalanyň gymmatlygy ruhunda, aýrylyşmalaryň ýaramazlygy ruhunda terbiýelemeli, çünki munda ilki bilen çagalar ejir çekýärler. «Әкесі қой баға білмегеннің, баласы қозы баға білмейді – (eger atasy goýun bakyp bilmeýän bolsa, onda ogly guzy hem bakyp bilmeýär). Çagalary terbiýelemek – bu diňe enäniň wezipesi däl-de, eýsem enäniň hem atanyň ikisiniň hem wezipesidir. Eger beýle zat bolan bolsa, onda kakasy aliment (hossarhaky) tölemelidir. Döwlet ýalňyz enelere kömek bermelidir we alimentleriň tölenilmezligi üçin jezany güýçlendirmelidir.
Çagalary terbiýelemek – bu geljek üçin ägirt uly maýa goýumy bolup durýar. Biz bu meselä edil şeýle garamalydyrys we öz çagalarymyza oňat bilim bermäge çalyşmalydyrys.
Men ösüp barýan ýaş neslimize oňat bilim almaklary üçin mümkinçilikleriň döredilmegine kän güýjümi berdim: „Balapan“ maksatnamasy durmuşa geçirilýär, Intellektual mekdepler, Nazarbaýew Uniwersiteti, „Bolaşak“ maksatnamasy hereket edýär. Çagany bilimlere we zäh- mete taýýarlamak – bu ene-atanyň borjudyr.
„Ähli oňat zat – çagalara“ diýen şygar hemme ene-atalar üçin ýörelge bolmalydyr.
 Hökümete şu aşakdakylary tabşyrýaryn:
•         Eneligi we çagalygy goramak ulgamynda, şeýle hem maşgala we nika ulgamynda kanunçylyga düýpgöter täzeden seretmeli;
•         Enelige we çagalyga garşy gönükdirilen jenaýatlar üçin, şeýle hem bu ulgamda kanunçylygyň bozulmalary üçin, hatda iň ownuk bozulmalary üçin hem jezany güýçlendirmeli;
•         Çaga dogluşyny höweslendiriş ulgamyny we köp çagalylygy goldamak ulgamyny özgertmeli – öz içine maddy we maddy däl höweslendirmeleri alýan, ýagny ýeňillikli salgyt salynmalar, lukmançylyk we sosial hyzmatlar, zähmet bazarynda täze mümkinçilikleriň berilmegi we şoňa meňzeş çäreleriň toplumlaryny işläp taýýarlamaly. Şonuň bilen birlikde biz biriniň eklenjinde bolmak meýlini aradan aýyrmaly we işjeň durmuş ýörel-gesi bilen meşgullanýan aýallara, özleriniň güýç-kuwwatyna we mümkinçiliklerine ynanar ýaly derejede kömek bermelidiris;
•         Ýurdumyzda jyns alamaty boýunça kemsidilmelere (diskriminasiýa) ýol bermeli däldir
we durmuşda gender deňligini we aýallara erkekler bilen bir hatarda deň mümkinçi- likler üpjün edilmelidir. Beýle ýagdaýda men ilkinji nobatda iş berijilere ýüzlenýärin.
 Milletiň saglygy – biziň üstünlikli geljemiziň özeni
Saglygy goraýşyň milli ulgamyny uzak möhletli döwürde kämilleşdirmegiň çäklerinde biz ýurdumyzyň ähli çäklerinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýeke-täk ülňülerini ornaşdyr- malydyrys, şeýle hem lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmelidiris we unifisirlemelidiris.
 Esasy ileri tutulýan meseleler:
•         Oňat hilli we elýeterli lukmançylyk hyzmatlarynyň berilmegini üpjün etmek;
•         Keselleriň has giň spektrini anyklamak we bejermek üçin şertleri üpjün etmek;
•         Öňüni  alyş  lukmançylyk  keselleriň  öňüniň  alynmagynda  esasy  gural  bolmalydyr.
Ýurdumyzyň ilatynyň arasynda habar beriş-düşündiriş işleriniň giňişleýin geçirilmegine ullakan üns berilmelidir;
•         „Smart-lukmançylyk“, distansiýa öňüni alyş we bejeriş hyzmatlaryny, „elektron lukmançylygy“ hyzmatlaryny ornaşdyrmaly. Lukmançylyk hyzmatlarynyň bu täze görnüşleri, çägi boýunça örän uly bolan biziň ýurdumyz üçin aýratyn talap edilýän ugurlaryň biridir;
•         Biz çagalarymyzyň saglygynyň üpjün edilmegine täze çemeleşmeleriň girizilmeginiňmeselesiniň üstünde hem işlemelidiris. 16 ýaşyna çenli hemme çagalary lukmançy- lyk hyzmatlarynyň ähli spektrleri bilen gurşap alynmagynyň zerurlygyny belleýärin. Bularyň hemmesini durmuşyň iň pes ülňülerinde kanunçylyk taýdan berkitmek zerurdyr. Bu ädim milletiň saglygynyň üpjün edilmegine wajyp goşant bolar;
•         Lukmançylyk bilimleriniň berliş ulgamyny hem düýpgöter üýtgetmeli. Lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň ulgamy orta derejedäki ýöriteleşdirilen bilim edralarynyň ul- gamy bilen berkidilmelidir;

•         Gündelik tejribe okuw prosesine maksimal taýdan integrirlenen bolmalydyr;

•         Lukmançylyk ýokary okuw mekdeplerinde amaly ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagyna ilkinji derejeli ähmiýet bermeli. Ýagny ýokary okuw jaýlary iň täze bilimleri we adamzadyň tehnologik gazananlaryny bir ýerde jemlemelidirler. Mysal hökmünde ABŞ-daky uniwer- sitet hassahanalaryny görkezip bolar, olar juda iri we has ýokary netijeli lukmançylyk merkezleri bolup durýarlar. Bu ugurda hem döwlet-hususy hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilmelidir;
•         Hususy lukmançylygyň ösmegi üçin şertleri döretmeli. Tutuş ösen dünýäde lukmançylyk
hyzmatlarynyň esasy bölegi hususy ulgamlar tarapyndan berilýär. Biz hususy hassah- analara we saglyk öýlerine çaltlyk bilen geçmeklik üçin şertleri döretmelidiris;
•         Kanunçylyk derejesinde lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň we edaralarynyň halka-
ra akkreditasiýasynyň geçirlmegini ýola goýmalydyrys.
Oba ýerlerinde berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline adamlar tarapyndan berilýän näg- ilelikler henize çenli hem az däl. Muňa garamazdan oba ýaşaýjylarynyň sany umumy ilatyň 43% deň bolup durýar.
Bedenterbiýe we sport döwletiň aýratyn aladalalarynyň biri bolmalydyr. Hut sagdyn durmuş ýörelgesi milletiň saglygynyň açary bolup durýar. Emma ýurdumyzda hemmelere elýeter bol- maly sport desgalary, sport inwentarlary we enjamlary ýetmezçilik edýär.
Şunuň bilen baglanyşykly Hökümet we ýerli edaralar bedenterbiýäni, köpçülikleýin sporty ösdürmek we mysaly taslamalar, şol sanda howly taslamalary boýunça bedenterbiýe-sagaldyş desgalarynyň gurluşygyny ýaýbaňlandyrmak boýunça hem çäreleri görmelidirler. Bu işi eýýäm indiki ýyldan başlamaly.

4. Bilim we hünärmen endikleri – bilim ulgamynyň, işgärleri taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň häzirki zaman esasy ugurlary

Ösen, bäsleşige ukyply döwlet bolmak üçin, biz iňňän bilimli hem sowatly millet bolmalydyrys. Häzirki zaman dünýäsinde ýönekeý uçdantutma sowatlylyk eýýäm aýdyň ýeterlik däldir. Biziň raýatlarymyz iň öňdebaryjy enjamlarda we iň döwrebap önümçilikde işlemek üçin endikleri ele almaga hemişe taýýar bolmalydyrlar.


 Şeýle hem biziň çagalarymyzyň, umuman ösüp barýan ýaş nesilleriň funksional sowat- lylygyna hem ullakan üns berilmelidir. Bu biziň çagalarymyzyň häzirki zaman durmuşyna uýgunlaşmaklary üçin wajypdyr.

 Bilim ulgamynda işiň ileri tutulýan ugurlary
 (1) Edil bütin dünýädäki ýaly, Gazagystana hem mekdebe çenli bilimiň täze usulyýetlerine geçmek zerur bolup durýar.
Siz bilýärsiňiz, ýagny men „Balapan“ maksatnamasynyň kabul edilmegini teklip etdim, onuň esasy wezipesi – biziň çagalarymyzyň başlangyç mümkinçiliklerini deňleşdirmek.
Onuň durmuşa geçirilip başlanan pursadyndan bäri 3 956 sany täze çagalar baglary we mini-merkezler işe girizildi.
Çaga dogluşyň ýokary derejesini, demografiýanyň ösüşiniň dowam etmegini nazara al- mak bilen, men „Balapan“ maksatnamasyny 2020-nji ýyla çenli uzaltmak hakynda karar ka- bul etdim. Hökümetiň we akimleriň öňünde şeýle wezipe goýýaryn – çagalaryň mekdebe çenli bilim we terbiýe bilen 100% gurşalyp alynmagyny gazanmaly.
 (2)   „Gazagystan–2050“ täze ugry nazara almak bilen, Hökümete 2013-nji ýyldan başlap halkara nusgadaky sertifikatlaryň berilmegi bilen, inženerçilik bilimleriniň we häzirki zaman tehniki hünärleriň ulgamynyň ösdürilmegini üpjün etmekligi tabşyrýaryn.
Hünärment-tehniki we ýokary bilim bermek meselesi ilkinji nobatda milli ykdysadyýetiň gündelik we geljekki talaplarynyň has ýokary derejede kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen bolmalydyr. Köp zatlarda munuň özi ilatyň işliliginiň meselesini hem çözer.
Ýokary okuw mekdepleri diňe bilim beriş işi bilen çäklenmeli däldirler. Olarda ama- ly we ylmy-barlag bölümçeleriniň döredilmegi we ösdürilmegi zerur bolup durýar. Biziň akademiki awtomomiýany kepillendiren ýokary okuw mekdeplerimiz özleriniň okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi bilen çäklenmeli däl-de, eýsem özleriniň ylmy-barlag işlerini hem işjeň ösdürmelidirler.

 (3)    Hususy telekeçiligiň, hökümete dahylsyz we haýyr-sahawat guramalarynyň, şahsy taraplaryň sosial jogapkärçiligi aýratyn hem bilim ulgamynda aýratyn ýüze çykmalydyr. Ilkinji nobatda bu okuw üçin özbaşdak tölemäge we degişli bilimi almaga mümkinçiligi bolmadyk ýaşlara berilmeli kömege degişli bolup durýar.

Şu aşakdakylar möhüm bolup durýar:
•         Orta we ýokary bilim ulgamyny ösdürmek üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmek;
•         Okuw üçin grantlaryň köp basgançakly ulgamyny işläp taýýarlamak;
•         Tutuş ýurt boýunça sebitleriň ýöriteleşdirilişini nazara alýan ylmy-barlag we amaly bil- im ýöriteleşdirilen okuw jaýlaryny döretmek;
•         Ýokary okuw mekdebinde okaýan döwründe ikinji ýyldan başlap kärhanalarda hökmany önümçilik tejribesini geçmegi kanunçylyk taýdan berkitmek.
 (4)   Biziň öňümizde okatmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegini geçirmek we sebitleýin mekdep merkezlerini döretmek bilen bilim bermegiň onlaýn-ulgamlaryny işjeň ösdürmek meselesi durýar.
Biz distansion okuwy we ähli isleg bildirýänler üçin mümkin bolan onlaýn düzgünindäki okuwy hem goşup, ýurdumyzyň bilim ulgamyna innowasion usulyýetleri, kararlary we gural- lary ýokary derejede ornaşdyrmalydyrys.
Könelen ýa-da talap edilmeýän ylmy we bilim beriş derslerinden saplanmak zerur bolup durýar, şonuň bilen bir wagtda bolsa talap edilýän we perspektiwaly ugurlary güýçlendirme- lidiris.
Orta we ýokary bilim okuw maksatnamalarynyň ugurlylygyny we aksentlerini üýtgetmeli, oňa amaly endiklerini öwretmek we amaly derejesini almak boýunça maksatnamalaryny goşmaly.
Telekeçilik ugruna gönükdirilen okuw maksatnamalaryny, bilim beriş kurslaryny we insti- tutlary  döretmeli.

 Innowasiýa barlaglaryny ösdürmegiň täze syýasat

 Umumy dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, aýratyn alnan ýurtda innowasiýa önümçilik sikli- ni tutuş gaýtadan döretmeklige synanyşmak – bu welosiped oýlap tapmak diýmekdir. Bu örän gymmat durýan we hemişe netije berip durmaýan, öndürijilikli däl pişedir.
Üstünlik üçin alymlaryň köp nesliniň tejribesine esaslanýan aýratyn ylmy binýady, ýörite maglumatlaryň we bilimiň, taryhy taýdan eýýäm gurnalan ylmy mekdepleriň köp mukdar- daky terrabaýtlary talap edilýär.
Täze tehnologik tolkunynyň depesinde bolmak, absolýut innowasiýalary döretmek köp ýurtlara entek başardanok. Biz muňa pähimli düşünmelidiris.
Şonuň üçin biz örän hakyky, maksimal taýdan pragmatik strategiýany gurnamalydyrys. Biz ünsümizi çykdajyly barlaglarda we işläp taýýarlamalarda jemlemeli däldiris.
Bize ýurdumyz üçin gerek tehnologiýalaryň transferti we olardan peýdalanmak üçin hünärmenleriň okadylmagy gerek. EXPO-2017 bu prosese badalga bermelidir we geljegiň energetikasyny ösdürmek üçin iň täze tehnologiýalary saýlap almagymyza kömek etmelidir.
Biz – ýaş millet, biz muny başararys.
 Mundan başga-da, biz uly möçberli ylmy-barlag taslamalaryna arkaýyn işjeň gatnaşyp bilýäris. Bu bize, biziň alymlarymyzyň strategik innowasiýa ugurlary boýunça daşary ýurt ylmy-barlag jemgyýetleri bilen tagallalaryny integrirlemek üçin mümkinçilikleri berer. Biziň maksadymyz – global tehnologik rewolýusiýanyň bir bölegi bolmak.
Biz eýýäm 2013-nji ýylda ylmyň we telekeçiligiň doly kooperasiýasy üçin çäreleri gör- melidiris. Hökümete tehnologiýalaryň transfertiniň mümkin bolup biljek pudagara ulgam- laryny ýüze çykarmagy we iri ýerasty baýlyklardan peýdalanyjylar we milli kompaniýalar tarapyndan olara islegleriň ýokarlanmagyny gazanmagy tabşyrýaryn.
Perspektiwaly milli klasterleri emele getirmek boýunça anyk „ýol kartalaryny“ işläp taýýarlamak zerur bolup durýar.
Şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny kesgitlemegi çaltlaşdyrmak zerur bolup durýar. Wezipe – şeýle hyzmatdaşlygyň şu günki gün iň öňdebaryjy gurallaryny we mehanizmlerini ornaşdyrmak.

 Awtorlyk hukuklaryny we patentleri düzgünleşdirýän kanunçylygyň derňewini geçirmeli. Hökümet 2014-nji ýylyň ahyryna çenli ozal berlen ähli patentleri we awtorlyk hukuklaryny olaryň kommersializasiýa mümkinçiligini barlamak üçin seljermesini geçirmelidir.

 Hormatly watanadaşlar!
Meniň öz ýaşlarymyza aýratyn ýüzlenesim gelýär.
Meniň şu gün yglan eden täze syýasy we ykdysady ugurlarym size has oňat bilimleriň berilmegine gönükdirilýär, diýmek siziň üçin has mynasyp geljege gönükdirilendir.
Men size – gazagystanlylaryň täze nesline daýanýaryn. Siz täze ugruň hereketlendirijileri bolmalysyňyz.
Döwletiň Baştutany hökmünde, men hemişe siziň okamagyňyz we ösmegiňiz üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi üçin çalyşdym. Dünýä derejesindäki uniwersiteti döretdim, in- tellektual mekdepleri döretdim, „Bolaşak“ maksatnamasyny esaslandyrdym.
Häzir ýaşlaryň döwlet syýasatynyň täze konsepsiýasy işlenip taýýarlanylýar. Siziň üçin ähli şertler dörediler. Döwlet siziň öňüňizde ähli mümkinçilikleri açmak üçin hemme zatlary edýär. Beýle mümkinçilikler barada siziň ene-atalaryňyz hiç hili pikirlenip, göz öňüne getirip hem bilmeýärdiler.
Ýatda saklaň: siziň şahsy üstünligiňiz – bu siziň ene-ataňyzyň üstünligi, siziň ýakynlaryňyzyň, hossarlaryňyzyň üstünligi, siziň maşgalalaryňyzyň üstünligi, siziň watandaşlaryňyzyň üstün- ligi, siziň Watanyňyzyň üstünligidir.
 5. Döwlet gurluşyny mundan beýlägem berkitmek we Gazagystan demokratiýasyny ösdürmek
Biziň maksadymyz – döwleti dolandyrmagyň täze görnüşini emele getirmek. Ol jemgyýete gulluk etmegiň we döwlet gurluşynyň berkidilmeginiň täze wezipelerine jogap bermelidir.
Birinjiden, bize döwlet meýilnamalaşdyryş we çaklama ulgamyny mundan beýlä- gem kämilleşdirmek zerurdyr.
Şeýle maksady goýýaryn – döwlet edaralarynyň meýilnamala-ryň we maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna jogapkärçiligini güýçlendirmeli. Şunuň bilen baglanyşykly, Hökümete tabşyrýaryn:

•         Gazagystanyň 2050-nji ýyla çenli strategiýasyny meniň göz öňüme getirişimi nazara almak bilen, ýurduň işleýän we ýaşaýan strategik resminamalarynyň „gaýtadan üstüni doldurmagy“ geçirmeli.

•         Ýurtda  döwlet  auditini  ornaşdyrmagyň  Konsepsiýasyny  işläp  taýýarlamaly,  indikiýylda Parlamente bu barada degişli kanunyň taslamasyny bermeli. Bize dünýäde iň öňdebaryjy tejribäniň esasynda döwlet auditiniň toplumlaýyn ulgamyny döretmek zerur bolup durýar.
•         Biziň ykdysady ugurlarymyzyň durmuşa geçirilmegi üçin döwlet çökgünli ýagdaýlaryň dörejek ähtimallygyny öňünden netijeli bilmeli we olara garşy durmagy başarmaly. Munuň üçin bize çökgünlige garşy seslenmäniň köp derejeli ulgamyny döretmek gerek bolup durýar. Bizde bolup biljek çökgünlik ýagdaýlary üçin hereketleriň standart bukjalary bolmaly. Aýratyn hem bu sebitler üçin wajyp bolup durýar. Bu ulgam işlenip taýýarlanylanda, meniň eýýäm aýdyp geçen ähli çagyryşlarymy nazara almak möhümdir.
 Ikinjiden, biz dolandyryşyň desentralizasiýasyny sowatly geçirmelidiris.
 Desentralizasiýa ideýasynyň mazmuny merkezden häkimiýe-tiň sebitlere kararlary kabul etmek üçin hukuklaryň we zerur serişdeleriň berilmeginde jemlenýär.
2013-nji ýylda biz merkeziň we sebitleriň arasyndaky jogapkärçiligi we ygtyýarlyklary çäklendirmek boýunça anyk çäreleri kabul etmeli, ýerli ýerine ýetiriji edaralary güýçlendirmeli. Ýerlerde häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklary maliýe we işgärler serişdeleri bilen berkidiler. Jemgyýet we raýatlar döwlet çözgütleriniň kabul edilmek prosesine we olaryň durmuşa geçirilmegine göni çekilmelidirler. Ýerli dolandyryş edaralarynyň üsti bilen ilata ýerli dere- jedäki meselelerini özbaşdak we jogapkärli çözmekleri üçin hakyky mümkinçilikleri berilmelidir.
 Men ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassykladym. Ol oba we oba ýerleri derejesinde dolandyryşyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer we raýatlaryň ýerli derejede çözülýän meselelere gatnaşmaklaryny giňelder.

 Biz oba akimlerine goşmaça ygtyýarlyklary berýäris we olaryň obalardaky ýagdaýlara ýe- tirýän täsirlerini güýçlendirýäris.

Emma şunuň bilen birlikde biz jemgyýetçilik gözegçiligini hem güýçlendirmeli, raýatlaryň ýerlerdäki ýagdaýlara täsirine gözegçiligi güýçlendirmeli. Şol sebäpden men obalaryň akim- lerini maslahatlaryň üsti bilen saýlamaklygy girizmek barada karary kabul etdim. Saýlawlary biz eýýäm 2013-nji ýylda geçirip başlarys.
Jemi 2 533 akim saýlanylar, şol sanda oba okruglarynyň, şäherçeleriň akimleri, şeýle hem etrap derejeli şäherlerde 50 akim saýlanar. Bu ähli derejedäki akimleriň umumy sanynyň 91,7%-ne deňdir!
Şeýlelik bilen, biz raýatlar bilen göni işleýän we meseleleri ýerlerde çözýän akimleriň saýlawlar bilen gurşalyp alynmagyny üpjün ederis.
Raýatlaryň ýerlerde wajyp meseleleriň çözülmegine işjeň çekilmeginiň, ýerli häkimiýet edaralarynyň işine gözegçilik edilmegine çekilmeginiň wagty gelip ýetdi.
Hökümete meniň Administrasiýam bilen bilelikde zerur kanunçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny çaltlaşdyrmagy, Parlamente bolsa olaryň ileri tutulma tertibinde kabul edilmegini üpjün etmekligi tabşyrýaryn.
Biz bütin dünýä bilen bilelikde siwilizasiýanyň ýoly bilen gitmelidiris we mundan beýlägem jemgyýeti demokratizasiýalaşdyr-maga ugur almalydyrys. Parlamenti ygtyýarlyklar bilen güýçlendirmek boýunça özümiziň syýasatymyzy dowam etdirmelidiris.
Şonuň bilen birlikde desentralizasiýa diňe ýerli derejede häkimiýetiň täze edaralarynyň döredilmek hadysasy hökmünde seredilmeli däldir, oňa kesgitlenen ygtyýarlyklary geçirip bolar.
Desentralizasiýa – bu ilki bilen döwlet dolandyryş ulgamynyň hil taýdan üýtgedilmegidir, ýerli derejede meseleleriň çözüliş ulgamynyň üýtgedilmegidir. Şol bir wagtyň özünde, desen- tralizasiýa häkimiýet wertikalynyň gowşamagyna, ýerine ýetirijilik düzgüniniň we tertibiniň peselmegine getirmeli däldir. Muňa ýol bermek bolmaz. Ýerlerdäki akimler, Hökümet muny aýratyn gözegçilikde saklamalydyr.

 Üçünjiden, hünär taýdan berk döwlet diwanyny emele getirmek meselesi durýar, onuň üçin, meniň şu gün yglan eden prinsiplerime laýyklykda, halka we döwlete hyzmat etmek ähli zatdan ýokarda durmalydyr.

Biz saýlap almagyň we hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilen usulyýetleriniň üsti bilen döwlet gullugynyň işgärler düzümini hil taýdan gowulandyrmalydyrys.
•         Döwlet derejesindäki dolandyryş kararlary şu aşakdaky talaplara jogap bermelidir:
•         Diňe bir gysga möhletli däl, eýsem, uzak möhletli netijeleri nazara almak.
•         Dolandyryş kararlarynyň multiplikatiw täsirliligini nazara almak.
•         Ak ýürekli bäsleşigiň we telekeçiligiň erkinliginiň düzgünlerini üpjün etmek.
 Döwlet gullukçylarynyň wezipe borçlarynyň iki taraplaýyn düşündirilmegine ýol bermezlik. Olaryň işleriniň anyk kanunçylyk taýdan düzgünleşdirilmegi.
Täze talaplary nazara almak bilen biz eýýäm administratiw özgertmeleriň ikinji tapgyryna başladyk.
Ilki bilen döwlet diwany özgerdiler. Men döwlet gullugynyň täze ulgamy barada kanuna gol çekdim. Ol korrupsiýa garşy çäreleriň güýçlendirilmegini, döwlet gullukçylaryny saýlap almagyň açyklygynyň ýokarlandyrylmagyny, meritokratiýanyň prinsipiniň ornaşdyrylmagyny, ýagny oňat işgärleri öňe sürmekligi üpjün edýär.
Biz işgärler syýasaty boýunça Milli topary dörederis. Ýokary hünärli dolandyryjylaryň prin- sipial taýdan täze synpy – „A“ korpusy emele getiriler, ol döwlet syýasatynyň anyk ugurlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin jogapkärçilik çekýär. „A“ korpusyna ilkinji nobatda welaýatlaryň akimleriniň jogapkär kätipleri we diwanlarynyň ýolbaşçylary, komitetleriň başlyklary, etraplaryň we şäherleriň akimleri girer. Öz Administrasiýama „A“ korpusyna dalaşgärlik edýänlere berilýän hünär talaplary barada permanyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrýaryn.
Mundan beýläk, döwlet gullukçysy hünär basgançagy boýunça tapgyrlaýyn öňe süýşmeli bolar, şol bir wagtyň özünde özüniň endiklerini we hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen häkimiýet iýerarhiýasynda bir basgançakdan beýleki basgançagyna geçmeli bolar. Diňe bel- lenilen görkezijileri artykmajy bilen ýerine ýetirýänlere, özüniň netijeliligini görkezýänlere we ýokary netijeleri üpjün edýänlere bu talaplar degişli bolmaz.

 Döwlet gullugynyň işi boýunça Agentlige 2013-nji ýylyň ahyryna çenli döwlet gullukçylarynyň hünär basgançagy boýunça ösüşiniň prinsipial taýdan täze mehanizmi bilen üpjün etmegi tabşyrýaryn.

Döwlet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir. Wezipe – döwlet diwanynyň ilat bilen özara gatnaşyklarynda bir taraplaýyn-hökümli çemeleşmelerden çetleşip, raýatlara döwlet hyzmatlarynyň netijeli we gyssagly berilmegine geçmek.
Häzir Parlamente “Döwlet hyzmatlary hakynda” kanunyň taslamasy girizildi. Ony 2013-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli kabul etmek möhümdir.
Biz döwlet edaralaryny olara mahsus bolmadyk funksiýalary ýerine ýetirmekden boşatmaly, döwlet institutlarynyň özbaşdaklygyny hil taýdan giňeltmeli. Hökümet onuň ýer- ine ýetirilmegini 2014-nji ýyldan başlap ýerli býujetleri emele getirmegiň täze mehanizmini girizmek bilen baglanyşdyrmalydyr.
Dördünjiden, döwlet diwany täjirçilik bileleşigi bilen özara gatnaşyklarynyň täze ul- gamyny döretmelidir.
Biz telekeçilik-täjirçilik işlerine goşulmaly däldiris, ony “elinden tutup ýöretmeli” däldiris. Biz telekeçilige ertire bolan ynamy bermelidiris. Telekeçiler özleriniň güýjüne daýanmaly- dyrlar we döwletiň olary aldamajakdygyny we gorajakdygyny bilmelidirler. Olardan diňe ak ýürek bilen işlemek talap edilýär.
Munuň üçin biz şu işleri ýerine ýetirmeli, birinjiden, hususy eýeçiligiň de-fakto mizemezlik hukugyny kepillendirmeli. Ikinjiden, şertnamalaýyn borçnamalaryň goralmagyny kepillen- dirmek zerurdyr.
Döwletiň borçnamasy – raýatlara olaryň işewürlik işjeňligini durmuşa geçirmekleri üçin iň köp mümkinçilikleri bermek. Diýmek – bu ýurdumyzyň telekeçiligi üçin infrastrukturanyň döredilmegi hakyndaky aladany aňladýar.
(1) Şeýle maksatlar bilen, täze 2013-nji ýylda milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmegiň no- batdaky tapgyryny başlamaly.
Kanunçylyk diňe bir milli bähbitlerini goraman, eýsem, dinamiki derejede ösüp barýan halkara hukuk gurşawy bilen hem sazlaşykly gatnaşyklarda bolmalydyr. Hökümete biziňhukuk ulgamymyzyň onuň ähli binýatlaýyn pudaklarynda, hem köpçülikleýin, hem hususy hukuk pudaklarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça ulgamlaýyn çäreleri görmegi tabşyrýaryn.
(2)    Hökümete meniň Administrasiýam bilen bilelikde 2013-nji ýylda şu aşakdakylary tabşyrýaryn:
Jenaýat we jenaýat-prosessual kanunçylygyny özgertmegi başlamaly. Esasy ünsi geljekki gumanizasiýada jemlemeli, şol sanda ykdysady hukuk bozulmalarynyň dekriminalizasiýasyn- da jemlemeli.
4 sany täze kodeksiň taslamalaryny: Jenaýat-prosessual, jenaýat, jenaýat-ýerine ýetiriji we administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksleriň taslamalaryny taýýarlamaly we olary Parlamente girizmeli.
Bu esasy kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi jenaýat işleriniň kazyýet çözülmelerini geçirmegiň ulgamyny kämilleşdirýär we biziň hukugymyzy häzirki zaman çagyryşlaryna ýer- likli seslenmäge mümkinçilik berýän derejesine çykarar.
 Bäşinjiden, döwlet bidüzgünçiliklere nol çydamlylyk prinsipine eýermelidir.
 Ösen jemgyýet hemme zatda düzgünden we tertipden: rahat podýezdden, tertipli howludan, arassa köçelerden we güler ýüzli adamlardan başlanýar.
Biz iň bir kiçi hukuk bozulmalary bilen hem ylalaşmaly däldiris, huligançylyk, medeniýet- sizlik bilen ylalaşmaly däldiris, çünki bu jemgyýetiň rahatlygyny bozýar, durmuşyň hilini peseldýär.
Bidüzgünçilik we başyna gitmeklik duýgusy has agyr jenaýatlaryň edilmegine sebäp bolup biler.
Kiçi hukuk bozulmalaryna ýol bermezlik atmosferasy – jemgyýetçilik howpsuzlygynyň berki- dilmeginde, jenaýatçylyga garşy göreşde wajyp ädimdir. Biz hukuk nigilizmini ýeňmelidiris we jemgyýetçilik tertibini goramak işine jemgyýetiň özüni çekmelidiris.
Biz sosial taýdan destruktiw özüni alyp barmaklygy iş almak mümkinçiligi bilen baglanyşdyrmalydyrys. Biz jemgyýetçilik ýerlerinde huligançylykly özüni alyp barmak üçin jenaýat çärelerini girizmelidiris, ol şahsy jiltlerde we rezýumelerde hökman görkezilmelidir we işe kabul edilýän wagtynda we hünär derejesiniň basgançagy boýunça ýokary galanda nazara alynmalydyr. Bularyň hemmesi jemgyýetçilik durmuşynyň kadasy bolmalydyr. 
 
 Altynjydan, döwlet we jemgyýet korrupsiýa garşy göreşde ýeke-täk front bolmalydyr.
Korrupsiýa – bu diňe bir hukuk bozulmasy däldir. Ol döwletiň netijeliligine bolan ynamy ýok edýär we milli howpsuzlyga göni abanýan howp bolup durýar.
Biziň ahyrky maksadymyza ýetmegimiz üçin – korrupsiýany hadysa hökmünde köki-dam- ary bilen ýok etmek maksadyna ýetmek üçin biz korrupsiýa garşy göreşi, şol sanda korrup- siýa garşy kanunçylygy kämilleşdirmegiň ýoly bilen has güýçlendirmelidiris.
Ýedinjiden, biz hukuk goraýjy edaralarynyň we ýörite gulluklaryň özgerdilmegini dowam etdirmeli.
Beýle etmesek biz bidüzgünçiliklere “nol çydamlylygy” emele getirmek we korrupsiýany köki-damary bilen ýok etmek wezipämizi çözüp bilmeris.
(1) Soňky üç ýylyň dowamynda hukuk goraýjy edaralarynyň we ýörite gulluklaryň birnäçe wajyp özgertmeleri geçirildi. Bu döwlet gurluşyny berkitmekde wajyp ädimdir. Olaryň işiniň hukuk binýady gowulandyryldy. Olaryň funksiýalary anyk kesgitlenildi. Işleriniň gaýtalan- magy (dublirlenmegi) aradan aýryldy. Jenaýat syýasaty gumanizasiýalaşdy.
Ähli hukuk goraýjy gulluklaryň işgärleriniň uçdantutma attestasiýasy geçirildi. 100 müňden gowrak işgär attestasiýadan geçmedi we edaralardan 12,5 müň adam işden boşadyldy.
(2) Biz bu işi geljekde hem dowam etdireris.
Özümiň Administrasiýama howpsuzlyk Geňeşi hem-de Hökümet bilen bilelikde şulary tabşyrýaryn:
Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň aýlyk haklarynyň köpeltmek we pensiýalaryny ýokar- landyrmak boýunça hereket meýilnamasyny taýýarlamagy.
Eýýäm 2013-nji ýyldan başlap, harby atlary boýunça aýlyk haklarynyň derejesine çenli, ýörite atlar üçin goşmaça tölegleriň möçberlerini köpeltmegi tabşyrýaryn.

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärler syýasatynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlamagy.

Ýokary attestasiýa toparynyň binýadynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärler syýasaty boýunça hemişelik hereket edýän gurluşy döretmegi.
Hukuk goraýjy we ýörite edaralaryň ýolbaşçylarynyň prezident ätiýaçlygyny emele getirmegi.
(3) Özümiň Administrasiýama howpsuzlyk Geňeşi hem-de Hökümet bilen bilelikde puda- gara iş toparyny döretmegi we 2013-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyryna çenli hukuk goraýyş ulgamyny geljekde kämilleşdirmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrýaryn.
(4) Hukuk syýasatynyň wajyp meselesi bolup, raýatlara Konstitusiýa tarapyndan kepillen- dirilen, kazyýet goragy üçin hukuklarynyň durmuşa geçirilmek meselesi durýar.
Şunuň üçin adalatly kazyýete ibermek prosesini ýönekeýleşdirmeli, ony artykmaç býurokratik proseduralardan boşatmaly. Täze maglumatlar tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylýan ýagda- ýynda muny etmek kyn däl.
Şol bir wagtyň özünde bolsa, kazyýetleriň işini ýeňilleşdirmek üçin jedelleri kazyýetden daşarda düzgünleşdirýän institutlaryň döredilmegini teklip etmek zerur bolup durýar. Ähmiýetsiz mesele- ler boýunça jedelleriň çözülmegi kazyýetden daşardaky tertipde geçiriljek şeýle mehanizmi göz öňünde tutmalydyr.
Kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmezligi sebäpli kazyýet häkimiýetiniň abraýy peselýär. Şunuň bilen baglanyşykly beýle ýagdaýy düýpgöter üýtgetmek boýunça çäreler görülmelidir.
(5) Serhet gullugynda hem giňişleýin özgertmeleriň geçirilmegi zerurdyr. Wezipe – onuň işiniň netijeliligini düýpgöter ýokarlandyrmak, maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek.
Şunuň üçin howpsuzlyk Geňeşine özümiň Administrasiýam hem-de Hökümet bilen bilelikde Serhet gullugyny ösdürmegiň we döwlet serhedini ortaça möhletde abadanlaşdyrylmagyň ýörite toplumlaýyn meýinamasyny taýýarlamagy tabşyrýaryn.

6. Yzygiderli we çaklanylýan daşary syýasat – milli bähbitleri öňe sürmek we se- bitleýin we global howpsuzlygy berkitmek

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gazagystan halkara hadysalarynyň deň hukukly gatnaşyjysy hökmünde ykrar edildi we bize amatly daşarky şertleri döretmek başartdy.
Biziň ileri tutmalarymyz üýtgemän galýar – ol biziň goňşularymyz bilen – Russiýa, Hy- taý, Orta Aziýa ýurtlary, şeýle hem ABŞ, Ýewropa geňeşi, Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek.
Biz Gümrük bileleşigini we Ýeke-täk ykdysady giňişligi berkideris.
Biziň iň ýakyn maksadymyz – Ýewraziýanyň ykdysady bileleşigini döretmek.
Munda biz anyk yglan edýäris, ýagny meseleler konsensus bilen çözüler. Syýasy garaşsyzlyk kemsidilmez.
Biziň daşary syýasatymyzyň balanslylygy dünýä işlerinde ähmiýetli orny eýeleýän we Gaz- agystan üçin amatly hem bähbitli bolan ähli döwletler bilen dostlukly we öňünden kesgitle- nilen gatnaşyklaryň ösüşini aňladýar.
Emma halkara ýagdaý we geosyýasy gurşaw dinamiki üýtgäp durýar we ol hemişe gowy tarapa hem üýtgemeýär. Demirgazyk Afrikadan we Ýakyn Gündogardan Demirgazyk-Gün- dogar Aziýa çenli durnuksyzlygyň ägirt dugasy uzap gitdi.
Güýçleriň balansy hem global derejesinde hem älemiň aýratyn sebitlerinde agyr üýtgeşmelere sezewar bolýar. Muňa degişlilikde, BMG, ОБСЕ, NATO, ODKB, ŞOS, SWMDA ýaly we beýleki guramalarda sebitleýin howpsuzlygyň mehanizmleriniň tutýan orny ýokar- lanýar. Orta Aziýada mili howpsuzlyga abanýan täze howplar peýda boldy.
Bu ýagdaýda Gazagystanyň daşary syýasaty, edil içerki syýasaty ýaly kämilleşdirilmelidir. Daşary syýasaty kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meseleleri:
•         Sebitleýin we milli howpsuzlygy hemmetaraplaýyn berkitmek;
•         Ykdysady we söwda diplomatiýasyny işjeň ösdürmek;
•         Medeni-gumanitar,        ylmy-bilim      we     beýleki      ýanaşyk     ulgamlarda       halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek;
•         Daşary ýurtlarda biziň raýatlarymyzyň, olaryň şahsy, maşgala, işewürlik bähbitleriniň hukuk taýdan goralmagyny güýçlendirmek.

Birinjiden, aýratyn pragmatiki prinsiplerde milli bähbitleriň daşary ykdysadyýetde öňe sürülmegi.

Biziň wezipelerimiz: daşary ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, milli ykdysady we söw- da bähbitlerini goramak we öňe sürmek üçin ykdysady we söwda diplomatiýasyny ös- dürmek.
Ikinjiden,     sebitiň     howpsuzlygy     üçin    özümiziň     jogapkärçiligimize     geljekde     hem
düşünmelidiris       we     Orta     Aziýanyň     durnuklaşdyrylmagyna      özümiziň     goşandymyzy goşmalydyrys.
Biziň wezipämiz – sebitde dawaly ýagdaýlaryň başlangyçlarynyň aradan aýrylmagyna ýo- kary derejede ýardam bermek.
Orta Aziýany durnuklaşdyrmagyň iň oňat täri – bu sebitleriň içindäki integrasiýadyr. Edil şeýle ýol bilen hem biz öz sebitimiziň agzalalyk potensialyny peseldip bileris, wajyp ähmiýet- li sosial-ykdysady meselelerini, suw-energetika we beýleki gapma-garşylyklaryň düwnüni çözüp bileris.
Biziň sesimiz bütin dünýäde eşidilmelidir. Şol sebäpden hem Astana Ykdysady forumynda men gepleşikleriň täze formatyny teklip etdim, ony biz G-Global diýip atlandyrdyk.
Dünýäde ýekeje ýurt hem gaýtadan başlanýan eýýamyň çagyryşlaryna ýalňyzlykda hötde gelmegi başarmaz. Meniň teklibimiň mazmuny – adalatly we howpsuz dünýä tertibini döretmegiň işinde hemmeleriň tagallalaryny birleşdirmek.
Üçünjiden,biziň ýurdumyz ähli progressiw halkara tekliplerini goldamalydyr we geljekde hem goldamalydyr hem-de global howpsuzlyga özüniň goşandyny goşmalydyr.
Ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar we biziň goňşularymyz bilen bilelikde Gazagystan Owgan- ystanda çalt wagtda syýasy düzgünleşdirilmäniň ýola goýulmagynyň we dikeldilmeginiň ga- zanylmagyna  gatnaşar.
OIS-iň abraýly gatnaşyjysy bolmak bilen, Gazagystanyň Ýakyn Gündogaryň düzgünleşdirilmek hadysasynyň parahatçylykly häsiýetinde tüýs ýürekden gyzyklanmasy bar. Arap-yslam dünýäsinde halk köpçüliginiň boşan energiýasynyň döredijilikli akyma tarap gönükdirilmegi we sebitiň sosial-ykdysady meseleleriniň çözülmegine gulluk etmegi wajyp bolup durýar.

Biz öňürdýän depginler bilen Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen ykdysady taýdan ýakynlaşmalydyrys. Bu bize diňe bir ykdysady diwidendleri bermez-de, eýsem, biziň daşary syýasatymyzyň balanslylygyny hem berkider.

Dördünjiden,Gazagystan özüniň goranyş ukybyny we harby doktrinasyny berkitmelidir we goranyş saklanylyşyň dürli mehanizmlerine gatnaşmalydyr.
Milli goranyş modelini işläp taýýarlamak bilen, biz dürli ýurtlar we guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamalydyrys.
Gazagystan ODKB boýunça ýaranlary bilen içgin işlär we operatiw reagirlemegiň köpçül- ikleýin güýçleriniň potensialynyň we söweşe ukyplylygynyň güýçlendirilmegine itergi berer.
7.   Täze Gazagystan watançylygy – köp milletli we köp konfessional jemgyýetiň üstünliginiň özeni
Biziň bu ugurdaky baş maksadymyz ýönekeýdir we düşnüklidir: biz jemgyýetçilik ylalaşygyny saklamalydyrys we berkitmelidiris. Bu – biziň döwlet hökmünde, jemgyýet hök- münde, millet hökmünde hereket etmegimiziň şübhesiz şertidir.
Gazagystan watançylygynyň esasy – bu ähli raýatlaryň deň hukuklylygy we Watanyň abraýy üçin olaryň umumy jogapkärçiligidir.
Şu ýyl London olimpiadasynda biziň türgenlerimiz 205 sany milli ýygyndy toparlaryň ara- synda 12-nji orny eýelediler. Biziň toparymyz ähli köp milletli Gazagystanyň ýeke-täk topary bolup çykyş etdi, etnoslaryň köpüsiniň berk, agzybir maşgalasy bolup çykyş etdi.
Olimpiýa dabarasy biziň halkymyzy has hem jebisleşdirdi, watançylygyň beýik güýjü- ni görkezdi. Köpçülikleýin sport we ýokary üstünlikleriň sporty toplumlaýyn ulgamlaýyn çemeleşmäniň bolmagyny talap edýär, diňe sagdyn millet bäsleşiklere ukyply bolup biler.
Hökümete köpçülikleýin sporty we ýokary üstünlikleriň sportuny, öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrýaryn.
1 . Täze Gazagystan watançylygy
Geljege ynamsyz bolmak bilen doly derejeli döwleti gurmak mümkin däldir. Döwletiň maksatlarynyň we raýatyň maksatlarynyň ähli esasy ugurlar boýunça gabat gelmegi juda wajypdyr. Edil şu hem döwletiň esasy wezipesi bolup durýar.

Diňe perspektiwa bar bolsa, ösmek üçin mümkinçilikleriň bar bolan ýagdaýynda, şahsy we hünärmenlik ösüşine mümkinçiligiň bolan ýagdaýynda raýatlar döwlete ynanýarlar. Döwlet we halk muňa düşünmelidirler we bile işlemelidir.

Özümizde we çagalarymyzda täze Gazagystan watançylygyny terbiýelemelidiris. Bu ilki bilen ýurdumyza we onuň üstünliklerine buýsanjymyzdyr.
Emma şu gün, ykrar edilen döwletiň täze tapgyrynda, diňe beýle düşünjäniň özi ýeterlikli däldir. Biz bu meselä pragmatik nukdaý nazarynda seretmelidiris.
Eger döwlet her bir raýatyna gowy hilli durmuşy, howpsuzlygy, deň mümkinçilikleri we geljegi berse, onda biz ýurdumyzy söýýäris, biz oňa guwanýarys. Diňe şeýle çemeleşme bize watançylyk we ony terbiýelemek meselesine pragmatiki we hakyky garaýşy berýär.
2050-nji ýyla çenli biz şeýýe syýasy ulgamy döretmelidiris, ýagny ol ulgamda Gazagystanyň her bir raýatynyň ertirki gününe, geljegine berk ynamy bolmalydyr.
Biziň çagalarymyz we agtyklarymyz hem öz watanynda galmagy islemelidirler, sebäbi bu ýerde keseki ýer bilen deňeşdirilende olara oňat bolar. Biziň ýurdumyzyň her bir raýaty öz topragynda hojaýynlyk duýgusyny edinmelidir.
2. Ähli etnoslardan bolan raýatlaryň deň hukuklylygy
Biziň hemmämiz gazagystanlylar bolup durýarys, biziň ählimiziň deň hukuklarymyz we deň mümkinçiliklerimiz bar. Täze Gazagystan watançylygy – bu etniki tapawutlardan daşarda tutuş jemgyýeti birleşdirmeli guraldyr.
Biz – köp milletli jemgyýet. Milletara gatnaşyklary meselesinde hiç hili ikileýin standartlar bolmaly däldir. Döwletde hemmeler deň bolmalydyr. Etniki ýa-da beýleki alamatlar boýunça oňatlar we erbetler bolmaly däldir.
Bu ýerde meniň üçin bu mesele – deklaratiw beýannama däldir. Eger kimdir birini et- niki alamaty boýunça kemsitseler, onda ähli gazagystanlylar kemsidildi diýip hasap etmeli. Hiç hili etnoslara hiç hili preferensiýa bolmaz we bolmaly hem däldir, hemmeleriň hukuk- lary we borçlary birmeňzeşdir. Biz deň mümkinçilikli jemgyýeti gurýarys, kanunyň öňünde hemmeleriň deň jemgyýetini gurýarys.

Biz hiç haçan okuwa girmek, işe girmek we hünär basgançagy boýunça ösmek etniki al- amaty boýunça çözüler diýen pikire hiç haçan asla ýol bermeli däldiris.

Men Hökümetiň we akimleriň zähmet syýasatyna tertipliligi salmaklaryny talap edýärin. Işe, aýratyn hem ýerli häkimiýet edaralaryna işe, olaryň haýsy etnosa degişliligine ga- ramazdan, naýbaşylary seçilip alynmalydyr.
Görkeziji ýekeje – has kämil etika hem-de ýokary hünärmen-lilik. Ähli derejedäki minis- trliklerde we akimatlarda işgärler seçilip alnanda ulanylýan birtaraplaýynlygy düzetmeli. Biziň jemgyýetimizde “artykmaçlar” ýa-da “kesekiler”, „biziňkiler“ we “biziňki däller” bolmaly däldir. Biz öz ýurdumyzyň bir raýatyny hem gäminiň “bortundan” daşarda goýup bilmeris. Her bir gazagystanly hökümetiň goldawyny we daýanjyny duýmalydyr. Kimde-kim milletiň etnikleriň arasyndaky ylalaşyklaryna “badak” salmaga synanyşsa, onda olar kanun boýunça yzarlanylmalydyr.
Bu ýerde hem esasy jogapkärçilik bize, gazaklara degişlidir.
Biz monomilli döwletleriň eýýamynyň adynyň-sorunyň ýitenligine düşünmelidiris. Gaza- gystan – bu biziň topragymyz. Bu asyrlarboýy biziň ata-babalarymyza degişli bolan biziň to- pragymyz. Biziň nesillerimize degişli boljak toprak. Biz hem biziň topragymyzda parahatlygyň we rahatlygyň höküm sürmegi üçin gönüden-göni jogapkärçilik çekýäris.
Biz öz topragymyzyň hakyky hojaýynlary – myhmansöýer, gadyrly, jomart, sabyrly bol- malydyrys.
Eger biz öz döwletimizi güýçli we kuwwatly döwlet hökmünde göresimiz gelse, onda biz gaýygy özümiz çaýkamaly däldiris, näzik parahatlygy we tertibi dargatmaly däldiris.
Biz hiç kime agzalalygy ýaýratmaga we biziň mukaddes topragymyzda gorkyny ýaýrat- maga mümkinçilik bermeli däldiris.
Siz meniň talabymy we wagtyň berýän talabyny – parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamagy ýadyňyzda saklamalysyňyz. Hem ýurduň içinde, hem ýurduň daşynda “etnoslaryň arasynda bölünişik” kartasyny oýnamaga synanyşýan güýçler kän, olar için- den biziň rahatlygymyzy bozmak we biziň döwletimiziň berkemegine päsgelçilik bermek isleýärler.

Olaryň jylawyna düşmäň! Biz kämilleşmeli, mynasyp adamlar bolmaly, diňe şonda bize hormat goýarlar, biziň taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, dilimize hormat goýarlar.

3. Gazak dili we üç birlikli dil
Jogapkärçilikli dil syýasaty gazak milletiniň konsolidirleýji faktorlarynyň esasylarynyň biri bolup durýar.
(1) Gazak dili – bu biziň ruhy özenimizdir.
Biziň wezipämiz – ony ähli ulgamlarda ulanmak bilen ösdürmekdir. Biz öz nesillerimize häzirki zaman dilini goýmalydyrys, onda biziň ata-babalarymyzyň köp nesilleriniň tejribesine biziň hem yzymyz sazlaşykly hem aýdyň goşulardy. Bu özüne hormat goýýan her bir adamyň özbaşdak çözmeli meselesidir.
Döwlet öz tarapyndan, döwlet diliniň pozisiýalaryny berkitmek üçin köp zatlary edýär. Gazak diliniň meşhurlanmagy üçin çäreleriň toplumynyň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmeli.
•         Biz, 2025-nji ýyldan başlap, biziň elipbiýimiziň latynça, latyn elipbiýine geçirilmegine
 aşlamalydyrys. Bu prinsipial mesele, muny halkyň özi çözmeli. Bir wagtlar taryhda biz beýle ädimi eýýäm ädipdik.
Biziň çagalarymyzyň geljeginiň hatyrasyna biz şeýle çözgüdi kabul etmeli we bu biziň dünýä integrasiýamyz, çagalarymyzyň iňlis dilini we Internet dilini oňat öwrenmekleri üçin şertleri döreder we iň esasy hem – bu gazak diliniň kämilleşdirilmegine badalga berer.
•         Biz gazak dilini kämilleşdirmeli. Dili häzirki zaman etmeli, adalgalar meselelerinde
 konsensuslary gözlemeli we durnuklaşan halkara hem-de daşary ýurt sözleriniň gazak diline terjime edilmegi hakyndaky meseläni gutarnykly çözmeli. Bu meseläni aýratynlaşdyrylan işgärleriň topary çözmeli däl.
Hökümet bu meseleden baş alyp çykmalydyr.
 Dünýäde birmeňzeş kabul edilen adalgalar bar, olar islendik dili baýlaşdyrýar. Biziň özümiz öz işimizi çylşyrymlaşdyrýarys, bulam-bujarlyklary döredýäris we garjaşyklary emele getirýäris, arhaikde dümtünýäris. Şeýle mysallar gaty köp.

 Men häzirki zaman dilinde ýazylan häzirki zaman kitaplarynyň azyndan ýüzlerçesiniň sanawyny düzmegi we olary häzirki zaman gazak diline terjime etmegi teklip edýärin. Müm- kin, ýaşlaryň arasynda bäsleşik yglan etse hem bolar: goý olaryň özleri, olar üçin aýratyn gyzykly we peýdaly zatlar barada bize aýtsynlar.

***
 
 Gazak dilini ösdürmek syýasaty onuň bölünip aýrylmagyna, has hem gazaklar tarapyndan bölünmegine itergi bermeli däldir. Tersine, dil Gazagystanyň halkyny jebisleşdiriji bolmaly- dyr. Munuň üçin dil syýasatyny sowatly we yzygiderli geçirmeli, munda gazagystanlylaryň gepleýän diliniň hiç birine zelel ýetirilmeli däldir.
Siz biziň syýasatymyz barada bilýärsiňiz – 2025-nji ýyla çenli gazagystanlylaryň 95% gazak dilini bilmeli. Munuň üçin häzirden ähli şertler döredilýär. Eýýäm ýurtda mekdep okuwçylarynyň 60% gowragy döwlet dilinde okaýarlar, ähli mekdeplerde ony öwrenmek gi- rizildi. Bu şuny aňladýar, ýagny eger çaga şu ýyl mekdebe gitse, onda biz on-on iki ýyldan gazak dilini uçdantutma suw ýaly bilýän gazagystanlylaryň täze neslini edineris.
Şeýlelik bilen, 2025-nji ýyla çenli gazak dili durmuşyň ähli ulgamlarynda esasy dil bolar, gündelik gatnaşyklaryň dili bolar. Bu hem elbetde, biziň döwletimiziň esasy gazananlarynyň biri bolar. Biziň özbaşdaklygymyz, biziň garaşsyzlygymyz iň soňunda milleti jebisleşdirýän, berkidýän zadyny ediner – bu bolsa ene dilimizdir. Bu biziň döwletimiziň garaşsyzlygynyň täjindäki esasy göwher gaşydyr.
(2) Häzirki wagtda biz öz çagalarymyzyň gazak dili bilen bir hatarda rus we iňlis dillerini hem işjeň öwrenmekleri üçin şertleri döretmek üçin uly çäreleri görýäris.
Üç dillilik döwlet derejesinde höweslendirilmelidir. Rus diline we kirillisa biz, edil gazak di- line garaýşymyz ýaly goragly göz bilen garamalydyrys. Hemmelere belli zat, rus dilini bilmek
– bu biziň milletimiziň taryhy artykmaçlygy.
 Şeýle hakykatdan boýun gaçyrylmaly däldir, ýagny edil rus diliniň kömegi bilen eýýäm birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda gazagystanlylar goşmaça bilim alýarlar, öz gözýetimleri- ni giňeldýärler, hem ýurduň içinde, hem onuň çäklerinden daşarda gatnaşyklaryny giňeldýärler.

 Biz iňlis dilini öwrenmekde hem böküş etmelidiris. Bu häzirki zaman dünýäniň „lingwa franka“ dilini bilmek biziň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuşda bimöçber täze mümkin- çilikleri açar.

 4. Medeniýet, däp-dessurlar we özboluşlylyk
 Däp-dessurlar we medeniýet – bu milletiň genetiki kody. Biziň ýurdumyzda ýaşaýan gaza- klara we beýleki halklaryň wekillerine, patyşalyk döwrüniň ähli betbagtçylyklaryna we agyr ýagdaýlara, rewolýusiýanyň sarsgynlaryna we totalitarizmiň kynçylyklaryna garamazdan, özüniň medeni özboluşlylygyny saklamak başartdy.
Onuň üstesine, garaşsyzlyk ýyllary içinde, globalizasiýa we westernizasiýa garamazdan, biziň medeni kökümiz aýdyň berkidildi.
Gazagystan – üýtgeşik özboluşly ýurt. Biziň jemgyýetimizde iň dürli-dürli medeni ele- mentler täsinlik bilen bir-birleriniň üstüni doldurýarlar, bir-birini goldaýarlar.
Biz özümiziň milli medeniýetimizi we däp-dessurlaryny olaryň ähli köp dürlüliginde we ululygynda goramak möhümdir, biziň medeni mirasymyzy däne-däne edip ýygnamagymyz zerurdyr.
Biziň taryhymyz öwredýär: ýurt haçan güýçli bolýar, haçan-da onuň halky agzybir bolanda. Şol sebäpden gazaklaryň jebisligi biziň üçin esasy mesele bolup durýar.
Güýçli Gazagystanyň gurulmagynda bizden başga kimiň bähbidi bar? Onuň jogaby aýdyň.
 Biziň öňümizde taryhyň dürli döwürlerinde hemme halklaryň öňünde duran meseleler durýar. Olara hötde gelmegi başaranlar güýçli milletler we döwletler boldular.
Milletiň Lideri hökmünde, gazaklaryň içindäki jebisligi ýykmakçy bolýan güýçleriň peýda bolmagy meni biynjalyk edýär. Oňa aň ýetirip ýa-da aň ýetirmän düşýänler, dürli alamat- lar, ilki bilen hem şejere boýunça bölünişige başlaýarlar. Şejere diýen däbiň çuň many- syny ýatdan çykarmaly däldir, ol bir maşgala ýa-da bir taýpa bilen tamamlanmaýar. Şejere
–   bu nesilleriň Şahasy, ol bir ýeke-täk kökde jemlenýär. Şejere biziň köklerimiziň birligini görkezýär hem-de subut edýär, biz hemme gazaklar – bölünmezdiris. Şejere bizi dargat- maýar-da, birleşdirýär.

 Meni milleti emeli „nagyz gazaklara“ we „şala gazaklara“ bölmekleri biynjalyk edýär. Men bulary edýänler üçin, jemgyýeti bölýänler üçin utanýaryn. Hemmesinden beteri hem, bularyň hemmesiniň Watana bolan mukaddes söýgi ideýalary bilen ýaşyryn edilmegi has howpludyr. Biziň ýaşlarymyz bir-birine hormat goýmagy, söýmegi, nirede bolmagyna garamazdan bir ene-atanyň, bir halkyň çagalary ýaly bolmagy öwrenmelidirler.

 5. Milli intelligensiýanyň tutýan orny
 Biz özümiziň döwlet gurluşymyzyň şeýle döwrüne gadam basýarys, ýagny ruhy meseleleriň, ykdysady we maddy tertipli meselelerden ähmiýetiniň az bolmajak döwrüne gadam basýarys. Ruhy ösüşde esasy orny intelligensiýa eýeleýär. Gazagystan-2050 progres- siw ideallaryň jemgyýeti bolmalydyr. Biziň jemgyýetimiziň häzirki zaman garaýyşlaryna esas bolup, elbetde, intelligensiýa bolmaly.
(1)   Intelligensiýa ykrar edilen döwletiň tapgyrynda umumy milli gymmatlyklaryň berk- dilmeginde öňde baryjy güýç bolmalydyr.
Biz döwrümiziň täze gahrymanlaryny – biziň ýaşlarymyzyň olardan mysal aljak gahryman- laryny döretmelidiris we görkezmelidiris.
(2)Intelligensiýa meniň Gazagystan-2050 täze syýasy ugrumyzy görşüm ýaly ýurduň gelje- gi üçin mental, dünýägaraýyş modelini taslamakda esasy orny eýelemelidir.
(3) Biz milletiň aňynyň taryhy derejede emele getirilmegi boýunça işimizi dowam etdirme- lidiris.
Ähliumumy Gazagystan meňzeşlik biziň halkymyzyň taryhy aňynyň özeni bolmalydyr. Şu günki gün islendik etnik ýa-da dini gatnaşygyndaky gazagystanly – öz ýurdunyň deň hukukly raýatydyr.
Gazak halky we döwlet dili ösüp barýan Gazagystan raýatlyk jemgyýetiniň birleşdiriji ýad- rosy hökmünde çykyş edýär.
Biz şeýle adalatly jemgyýeti döredýäris, ýagny onda her bir adam şeýle diýip biler: „Men - gazagystanly we meniň üçin öz ýurdumda hemme gapylar açyk!“. Şu gün biziň raýatlarymyz üçin hemme gapylar, hemme mümkinçilikler, hemme ýollar açyk.

 Biz köplük we biziň hemmämiz – bir Ýurt, bir Halk. Öz ýurduňa peýdaly bolmak, öz Watanyň ykbalyna jogapkär bolmak – bu her bir jogapkärli syýasatçy üçin, her bir gazagystanly üçin borç we abraýdyr. Biz jebislik we ylalaşyk gymmatlygyny jemgyýetiň esasy etdik, biziň aýra- tyn Gazagystan tolerantlygymyzyň özeni etdik. Biz bu gymmat-lyklary gazagystanlylaryň her bir geljekki nesline geçirmelidiris.

 6. XXI asyrda Gazagystanda din
 Şu gün biziň halkymyzyň öňünde, onuň üçin adaty bolmadyk, dini we ýalan dini akymlarynyň ýiti meselesi durýar.
Ýaşlaryň bir bölegi ýaşaýşa bolan bu keseki garaýyşlary ýeňil kabul edýär, çünki biziň jemgyýetimiziň bir böleginiň keseki ýalan dini täsirlerine bolan immuniteti pes derejede bo- lup durýar.
Biziň Konstitusiýamyz dine ynanjyň erkinligini kepillendirýär – bu hakykat. Emma belli bolşy ýaly çäksiz erkinlik hem bolmaýar, bu – bulam-bujarlyk. Hemme zat Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde bolmalydyr. Hemmelerde saýlamak hukugy bardyr. Dini ileri tutmalarynyň saýlanyp alynmagyna örän jogapkärçilikli garamalydyr, oňa durmuşyň gurluşy, gündelik durmuş, köplenç, adamyň tutuş ömri bagly bolýar.
Şu günki günde Internetiň we ýokary tehnologiýalaryň asyrynda, maglumatlar akymynyň ägirtliginde, „süzgüç“ adamyň öz içinde bolmalydyr.
Içki „süzgüç“ soraglary bermeli: biziň enelerimiziň, uýalarymyzyň, gyzlarymyzyň beýleki halklaryň geýimlerini geýmekleri, ýaglyk daňynmaklary bize gerekmi? Biz bilen bir saçagyň başynda oturyp naharlanmaly dälmi? Awtomobil sürmeli dälmi? Bularyň hemmesi – başga halklaryň däpleri, ýöne beýle gylyk-häsiýetler biziň sähramyzda hiç haçan bolmandy. Naýbaşy eserleri okap görüň, filmlere serediň.
Biziň aýallarymyzda milli buýsanç bar, özleriniň geýinmek usuly bar, emma olaryň hem- mesi sadalyk bilen örtülen, biz erkekler bolsa, köplenç, munda öte geçýäris.
Biz özümiziň musulman ymmatynyň bölegi bolup durýanlygy-myza guwanýarys. Emma biz bir zady ýatdan çykarmaly däldiris, ýagny bizde dünýewi döwletiň däpleri bar, ýagny Gaz- agystan – dünýewi döwlet.

 Biz ýurdumyzyň däplerine we medeni kadalaryna laýyk gelýän dini aňy emele getirme- lidiris. Biz özüňi alyp barmagyň oňat modellerini saýlap almaly. Meniň yglan edýän strate- giýam, biziň halkymyzy, orta asyrlarda ýaşamak üçin däl-de, XXI asyrda ýaşamak üçin taýýar- laýar.

***
 
 Döwlet we raýatlar radikalizmiň, ekstremizmiň we terrorçylygyň ähli görnüşlerine we alamatlaryna garşy ýeke-täk front bolup çykyş etmelidirler. Dini ekstremizm diýlip atland- yrylýan alamatyň howpy has ham aladalandyrýar. Ruhy iýerarhiýalar hem aýratyn aladany ýüze çykarýar. Biz Allatagala bolan hakyky ynamyň agressiw we weýran ediji fanatizm bilen çalşyrylmagyna ýol bermeli däldiris.
Kör fanatizm biziň parahatçylyk söýüji halkymyzyň psiholo-giýasy we mentaliteti üçin düýbünden ýatdyr. Ol Gazagystanyň dindarlarynyň ynanýan hanafit mezhebine gapma- garşy bolýar.
Gazagystanda ekstremizmiň we terrorçylygyň ideýaly esasy ýokda, kriminal esasy bar. Ýalan dini ritorikasynyň arkasynda jenaýatçylykly işler gizlenýär, olar jemgyýetiň özenini za- ýalaýar. Bu biziň ýurdumyzdaky parahatçylyga we durnuklylyga çozuşdyr. Bu biziň döwlet gurluşymyzyň we raýatlyk ýetişenligimiziň synagydyr.
•      Biz dini radikalizmiň we ekstremizmiň alamatlaryny ýok etmek maksady bilen öz kanunçylygymyzy kämilleşdirmeli. Biz şeýle hem terrorçylyga garşy kanunçylygy kämilleşdirmeli. Olaryň nireden gelip çykýanlygyna garamazdan, döwlet ekstremizmiň we radikalizmiň berk öňüni almalydyr.
•      Biz sosial, etnik we dini dartgynlyklara we agzalalyklara hötde gelmegiň täze ygtybarly mehanizmlerini emele getirmeli. Adaty däl sektalaryň we şübheli ýalan dini akymlaryň işleriniň berk öňüni almak zerurdyr.
•      Bize jemgyýetde dini ekstremizmiň, esasan hem ýaşlaryň arasynda dini ekstremizmiň öňüniň alynmagyny güýçlendirmek möhümdir.

•      Şeýle hem bize dünýä we adaty dinleriň liderleriniň Gurultaýy-nyň berýän artykma- çlyklaryndan hem peýdalanmagymyz möhümdir. Şeýle  gepleşikler  meýdançasynyň binýadynda  biz     dini  sebäpler-den ýüze çykýan agzalalyklaryň çözülmegi üçin täze platformany  döretmelidiris

•         Bize sebitiň gyzgyn nokatlarynda, Uly Ýakyn Gündogaryň çäklerinde we hatda has global derejede hem dini we etnik agzalalyklary çözmek üçin araçy bolup çykyş etme- klige taýýar bolmak möhümdir.
Biziň döwletimiziň dünýewi häsiýeti – bu Gazagystanyň üstünlikli ösüşinde wajyp şertdir. Muňa şu wagtky we geljekki gazagystanly syýasatçylar, ähli gazagystanlylar anyk düşünmelidirler.
Hökümete özümiň Administrasiýam bilen bilelikde dini ekstremizme we terrorçylyga garşy göreşmek boýunça döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrýaryn.
Şunuň bilen men milleti öňünden habardar etmekçi bolýaryn. Ekstremizme garşy göreş albassylaryň awuna öwrülmeli däldir we dine garşy göreşe hem özgermeli däldir.
Dini meselelerde oýlanyşykly çemeleşme we aňrybaş sere-saplylyk zerurdyr. Döwlet dini jemgyýetleriň içerki işlerine goşulmaly däl. Biz wyždan azatlygy, tolerantlygyň däpleri we dine ynanmak erkinligi prinsiplerini mukaddes saklamalydyrys.
 Hormatly gazagystanlylar! Meniň watandaşlarym!
Şu gün men özümiň Ýüzlenmämde siziň her biriňize ýüzlenýärin. Ýurduň öňünde ullakan wezipeler dur. Men özümiziň üstünligimize pugta ynanýaryn.
Men Gazagystanyň geljegini nähili göz öňüne getirýärin?
 Men pugta ynanýaryn, ýagny 2050-nji ýylyň gazagystanlylary – bu bilimli, üç dilde gür- leýän, erkin adamlaryň jemgyýeti. Olar – dünýäniň raýatlary. Olar syýahat edýärler. Olar täze bilimleri almak üçin açyk. Olar zähmetsöýer. Olar – öz ýurdunyň watançylary.
Men ynanýaryn, ýagny 2050-nji ýylyň Gazagystany – bu Umumy zähmet Jemgyýeti. Bu güýçli ykdysadyýetli döwlet, onda ähli zatlar adam üçin edilýär. Onda iň oňat bilim, iň oňat saglygy goraýyş. Bu ýerde parahatçylyk we rahatlyk höküm sürýär. Onda raýatlar erkin we deň, häkimiýet bolsa adalatly. Onda kanunlar hökümdarlyk edýär.

 Men özümiziň dogry ýol bilen barýanlygymyza pugta ynanýaryn we hiç zat bizi dogry ýolu- myzdan sowup bilmez.

Eger biz güýçli bolsak, bize hormat goýarlar.
 Eger biz täsinlige umyt etsek ýa-da beýlekilere arkaýyn bolsak, onda biz bar gazananlary- myzy ýitireris.
Şu gün hem biz ýeke-täk dogry ugry saýlap almalydyrys.
 Gadyrly watandaşlar!
 „Gazagystan–2050“ täze strategik ugruň durmuşa geçiril-megine esasy jogapkärçilik ilki bilen gazaklara degişlidir.
Biz wagtyň bize edýän çagyryşlaryna ýerlikli jogaby diňe özümiziň medeni kodumyzy: dilimizi, ruhlulygymyzy, däp-dessurlary-myzy, gymmatlyklarymyzy saklan şertimizde berip biljekdigimiz hakynda ýatdan çykarmaly däldiris.
Düşnükli dilde, esasan hem ýaşlara düşnükli dilde aýdýaryn. Kompýuter programmasyn- da bozulmalar haçan ýüze çykýar?
Haçanda onda programmanyň kodunyň bozulan ýagdaýynda. Bu durmuşda hem şeýle. Eger millet özüniň medeniýetiniň koduny ýitirse, onda milletiň özi hem dargaýar. Muňa ýol bermek bolmaz!
Men ynanýaryn, ýagny biziň mynasyp taryhymyz, biziň şöhratly ata-babalarymyzyň hatyra- sy bize häzirki wagtyň kynçylyklaryna hötde gelmäge ýardam berer. Taryh şaýat: kynçylykly wagtlarda biziň halkymyz hemişe birleşýärdi we kynçylyklary özüniň ýeňişlerine özgerderdi.
Алтау ала болса, ауыздағы кетедi, Төртеу түгел болса, төбедегi келеді.
300 ýyl mundan öň gazaklaryň birleşen ýeri Anykaraýda edil şeýle bolupdy. Şol pursatda öz ýeriňe wepalylyk we sagdyn pikir hemme zatdan üstün çykdy. Beýle edermenligi biziň her birimiziň ata-babamyz görkezipdi.
Biziň häzirki kynçylyklardan nähili çykjagymyz hem diňe biziň özümize, biziň jebisligimize baglydyr. Biziň ata-babalarymyz ýöne ýerden aýtmandyrlar: «Отан оттан да ыстық» («Watanyň ýylysy otdan gyzgyndyr»).

Men özümiziň ýaşuly neslimize ýüzlenýärin. Siziň paýhasyňyz ýaş nesillere dogry ýoldan gitmäge, Watany söýmäge kömek bermelidir.

Men orta ýaşly neslimize ýüzlenýärin. Siziň paýyňyza bir ýurduň ýykylmagy we garaşsyz ýurduň dikeldilmegi düşdi. Bu çylşyrymly we kyn çözgütleriň wagty boldy. Siziň edinen tejribäňiz – bu bahasyna ýetip bolmajak maýalykdyr, ol biziň ählimize kynçylyklary böwsüp geçmegimize kömek berer.
Iň soňunda hem men biziň ýaşlarymyza ýüzlenýärin. Siz – biziň geljek üçin ähli umytlarymyzyň durmuşa geçirilmegidir.  Biz  tarapyndan  şu  gün  ýerine  ýetirilýän  ähli  zat- lar – bularyň hemmesi siziň üçin edilýär.  Siziň  köpiňiz  biziň  garaşsyz  Gazagystanymyz bilen ýaşytdaş. 2050-nji ýyla çenli bolsa siz eýýäm maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan, ýetişen raýatlar bolarsyňyz. Ýurduň geljekki ýoluny siz kesgitlemeli.
Siz garaşsyzlyk şertlerinde terbiýelendiňiz – bu bizde hiç haçan bolmandy. Siziň täze garaşsyz pikirleriňiz – bu şu gün bize uzak we ýetip bolmajak ýaly bolup görünýän, ýurdu- myzy täze maksatlara getirjek faktordyr.
Men ähli halky hiliň bakylygy – yhlaslylyk, zähmetsöýerlilik we maksada okgunlylyk bilen ýaraglanmaga çagyrýaryn, olar bize hemme zada hötde gelmäge we Watanymyzda mynasyp geljegi döretmäge ýardam berer.
Men size ynanýaryn.
Men täze taryhy mümkinçiligi biziň elden gidermejekdigimize ynanýaryn.

хроника 2050

МСБ будет производить не менее 50% объема ВВП

Производительность труда будет увеличена до 126 тысяч долларов 100-процентный охват казахстанских детей от 3 до 6 лет дошкольным образованием

Казахстан будет полностью обеспечивать собственный рынок ГСМ в соответствии с новыми стандартами экологичности

Доля несырьевого экспорта в общем объеме экспорта должна увеличиться в два раза и в три раза к 2040 году

Начнется перевод нашего алфавита на латиницу

95% казахстанцев должны владеть казахским языком

На 15 % посевных площадей будут применяться водосберегающие технологии

Будет решена проблема обеспечения населения водой для орошения

Показатель объёма ВВП на душу населения достигнет 60 тысяч долларов

Доля городских жителей РК вырастет до 70 % от всего населения